Türkmen halkynyň gadymýetiň jümmüşlerinden gaýdýan taryhy ýoly bar. Ol ýol baý edebi, medeni we ruhy miraslary bilen dünýäniň çar künjünde giňden tanalýar. Galkynyşlar zamanasynda gadymy miraslarymyz täzeden dikeldilip başlandy. Ýat illerde, garaňky ýerzeminlerde öz ýürekdeşlerine zar bolup ýaşan mirasymyzy – ata Watana getirmek, öwrenmek, toplamak, neşir etmek giň gerime eýe boldy.
Taryhy akyl ýetirmeklik meselesi elmydama adamzady tolgundyryp gelen. Şolara ilkinji jogaplary garaýyş, ony taryhy rowaýatlaryň üsti bilen beýan etmek esasynda bermeklige getirýär. Rowaýatlar, mysal üçin, Oguznamalar geçmişi belli bir derejede aňlamaklyga käbir esaslary döretdiler. Olarda taryhy maglumatlar berilip, taryhy wakalar beýan edilýär. Ýöne, olarda taryhy tejribäniň düýp manysy bolan paýhas pikirler berilmeýär. Olarda garalýan pursat agalyk edip, wagt ölçegi duýulmaýar. Ähli wakalar bir giňişlikde berilýär.
Türkmen taryhynyň „giň meýdanynda“ bolsa sanara, öwrenere taryhy hakykylyk köp. Tutuş Marynyň özüniň ýadygärliklerinden giden bir taryhy toplumy düzmek mümkin. Merw döwürleriň açylmadyk syrylaryň alamaty bolup, eýsem taryhy okuw kitplaryna giren bu tolgundyryjy at nireden peýda bolduka? Ähli syrlar irde - giçde äşgär bolar diýlip ýönelige aýdylmaýar ahyry. Isaýylar zamanynyň ХХ asyrynyň ahyrynda, tas dört müň ýyl mundan ozal, Dariý I-niň meşhur Behistun gaýasynda gahar-gazap bilen “Marguş ýurdy pitneçi bolup çykdy” diýip ýazanlar diňe nesillere täsin Mewiň unudylmak tümlüginden ýöne bir çykmagyny däl, eýsem, adamzat ösüşidäki öz hakyky ornuny hem mälim etdi.
Merw türkmenleriň özboluşly medenýetiniň çürbaşyndan janly kökleri gözbaş alýan gadymy Gündogar medeniýetiniň iň iri ojagy saýylýar. Müňýyllyklaryň synagyndan geçen bu halk bütewligini saklap galdy, özüni gorady we onuň nesil şejeresi uzap gidip barýar. Olaryň hatarynyň nirede, haçan başlanandygyny Alla bilsin! Ýöne bir zat weli, jedelsizdir. Arheolaglar has gadymy guburladan Tükmenistanyň häzirki admlaynyň keşbine çalymdaş jeset galyndlaryny tapýar. Ata-babalarynyň döwürleriniň tümlükleinden geçiren ruhy medenýetini düşündirýän hem-de dumuşa çuň ornaşan beýik maddy medenýetiniň bolandygyna jedelsiz subutnmalary tapýarlar.
|
Geçmişde uly-uly döwletler berkarar boldy hem - de synyp gitdi, tutuş asylar dowamynda daşaky hökümdarlyga sezewar bolundy, türkmenleriniň özleriniň harby we etniki basybalyjylygy olaryň ata - babalarynyň ýurdundan uzaklara ýaýrady. Ýöne bu toprak hiç mahal gülläp ösmegini we bereket eçilmegini bes etmedi. Şol toprakda dünýäň türkmen Adam atasy we How enesi durmuşa ukyply nesiller tarapyndan unudylmady. Muňa ХХ asyryň ahyrynda bolup geçen hem-de dünýäniň kartasynda ady Garaşsyz hemişelik Bitarap Tükmenistan diýen kabul eden halkyň ruhunyň täze Galkynyşyndan has äşgär subutnama ýokdur.
Şu aýdylanlarda milli men-menlik üçin jinnek ýaly hem sebäp ýokdur. Üstesine-de, dürli halkyýetler deňeşdirilende haýsydyr bir baha beriş ölçeglerini peýdalanmak pikileriniň özi ýalňyşlyk dälmi? Gürrüň bu ýede geçmişiň ýene bir gymmatly syry barada barýar. Näme üçin taýplaryň-halklaryň bir-ä, geçmiş şemalynyň öwüsgi arkaly täze mekanyň gözleginde yklymlary aşýar? Beýlekiler bolsa gidensoň, yzyna dolanyp gelýär? Näme sebäpden üçinji biri öz gadymky toprgyny terk etmeýär? Bu sowallar alymlary bireýýämden bäri tolgundyryp gelýär, arheologiýa ekspedisiýlarynda ýadawsyz gözlegleri alyp barmaga, toplanan maglumatlay seljemäge, deňeşdimäge, jedelleşmäge olary mejbur edýär.
Ýewropa ýylnamasy boýunça ikinji we üçinji müňýyllyklarynyň sepgidine çenli türkmenler gözbaşy çalbaş gadymyýetiň jümmüşine uzap gidýän ägirt uly taryhy ýoly geçdiler. Adamlar Köpetdagyň gerişleri bilen Garagumuň çägeleriniň aralygyndaky dar düzlüklerdäki mes toprakly ýerlere baryp sekiz - dokuz müň ýyl mundan ozal, neolit zamanynda göçüp gelipdirler. Hut şol daş asyrynda bu jelegaýlada ekerançylaryň we maldarlaryň tutuş Gündogarda iň irki Jeýtun medenýeti diýilýäni emele geldi. Şondan soňam köp ýüzýyllyklar geçdi, ozaly bilen Türkmenistanyň Günorta sebitlerinde ýerli taýpalar demir etmegi özleşdirdiler, gara mllary we düýeleri ösdürip ýetişdirip başladylar, gylýallary eldekileşdirdile, ýokary hasyl berýän suwarymly ekerançylygyň başyny başladylar. Bularyň hemmesi jemgyýetiň ykdysady ösüşine, ruhy ilerlemä ýardam edip, şu taýda dünýäde ilkinji döwletiň emele gelmegine ýardam etdi.
|
Umuman, türkmeniň taryhy “ýüzi ýygra” garry goja ýaly. Merwiň ýadygärlikleri bolsa şol ýygyrtlaryň joýasydyr. Beýik Galkynyşlardan galkynan ýaş taryhçy hökmünde Merwiň orta asyrlardaky medeni we ylmy taňdan ösen eýýamy dogrusynda has içginräk gürrüňimizi aşakdakylar kimin beýan etmekligi, biz dogry tapdyk.
Orta asyrlarda Merwiň taryhy başdan geçirmeleri we onuň ykdysady taýdan ýokary göterilmegi
“Merw, Maru - Şahyjahan ady bilen meşhur
bolup, gülläp ösýän, sagdyn howaly, gözel,
gowy, giň... şäherdir[1]”.
Al - Makdysy (Χ asyr)
Mary oazisi bilen adybir bolan bu meşhur şäheriň ady özüniň geçmiş taryhynda dürli - dürli wakalarda düşündirilipdir. Orta asyr alymlary “ Mary ” topanimikasyna özboluşly düşündiriş berjek bolup çalyşypdyrlar. ΧII asyrda geograf Ýakut “merw” sözüne (adalgasyna): “ot alynýan ak (çakmak) daş” diýip atlandyrypdyr. ΧV asyrda Hyratda ýaşan alym Hafizi Abru şäher ady Murgap derýasynyň kenarynda biten “marga” (“Burum - burum”) ot adyndan gelip çykypdyr diýip nygtaýar. Häzirki zaman alymlarynyň birnäçesi bu adalgany (“mary”), ýagny, “çemenlik” ýa - da “otluk ýer”, soňra bolsa onuň manysyny güýçlendirip, “mur” (“guş”) diýen netijä gelýärler.
|
Biziň pikirimizçe, akademik W. W. Struwäniň öňe süren teoriýasy öwrenmäge mynasyp. Ol “mary” sözüni oguz - Türkmen “imr” (emr - li, ýemereli) taýpasynyň ata - babalary bolan sak taýpasyna degişli amrotgdandyr diýen netijä gelýär.
Türkmen medeniýetini onuñ hat – ýazuwy bilen aýrylmaz baglanşyklydyr. Arheolgik maglumatlar ýurdymyzyñ ýerlerinde VII asyrda hat ýazuwyñ bolandygyny güwä geçýär. Gadymy Merwden hum döwükleriniñ we mal pilçeleriniñ ýüzüne garasiýa bilen ýazylan ýa – da şoña golaý dokument tapyldy. Pehlewi harplary bilen ýazylan bu dokumentleriñ henize çenli manysyny anyklamak başardanok.
Seljuklar döwleti synandan hem-de Merwiñ şöhraty gaçandan soñ, Köneürgençde ençeme on ýyllyklaryñ dowamynda ozalky döwletiñ Eýrandan we Owganistandan başlap, Aral deñzine çenli, Gündogar ýarymyny öz häkimligine tabyn etmegi başaran başga bir türkmen Honedanynyñ ýyldyzy aýdyñ ýalkym saçdy. Olaryň paýtagty bolan Gürgenç ylmyñ we medeniýetiñ merkezine öwrüldi. Ýöne bu gülläp ösüş uzak dowam etmedi.
1972-nji ýyldan başlap, Mugabyñ gadymy akawasynyñ ugrundaky bereketli jülgede ornaşan ilkinji ekerençylaryñ ýokary derejede ösen medeniýetiniñ müdümilik yzlaryny görüp geleniñden soñ, şol ýeriñ gadymylygy duýulýar. Merwiñ paýtagt şäheri bolan Goñur depede galyndylary gazylyp alynan ägirt uly köşk bilen düýpli ot ybadathanasy alymyñ ünsüni aýratyn özüne çekýär. Alynan maglumatlar bu ülkäni dünýädäki ilkinji din bolan otparazlygyñ has ähtimal watany hökmünde bellemäge mümkinçilik berýär. Mundan başga - da biziñ eýýamymyzdan ozalky II müñ ýyllykda Merwi eýelän taýpalar hakyndaky çaklamany tassyklaýan ýeterlik maglumatlar toplanyldy. Olaryñ gelip çykyşy näbelli bolan gadymy gymmatlyklardyr.
Baryp, Bürünç zamanyda, ýagny biziñ eýýamymyzdan ozalky III – II müñ ýyllyklarda Türkmenistanyñ hem-de Demirgazyk Owganystanýn çäklerinde dörän iñ irki medeniýetleriñ iñ irki taryhyna bagyşlanan ençeme ylmy köpçülige niýetlenen işler we ylmy eserler Sarianidiñ galamyna degişlidir. Hut şol döwürde şu ýerlede goñşy biri-biri bilen jebis baglanyşykly bolan iki yurt – Margiýana bilen Baktriýa gülläp ösüpdir.
Goñurdepedäki guburlarda diwarlay oda ýakylan adaty bolmadyk gabyrlaryñ üsti açyldy, bu gadymy gündogaryñ adam jaýlaýyş däplerinde ilkinji gezek ýüze çykarylypdy. Hut otparazlykda Zeminiñ tebigy saplygyny aradan çykan jesedi bilen zaýalamak günä saýypdyrlar. Çünki Margiýananyñ mazar çukulary häzirki türkmen mazarlaryna hakykatda meñzeş gelýär. Üstesine-de, dürli halkyýetle deňeşdirilende haýsydyr bir baha beriş ölçegleini pe ýdalanmak pikileriniň özi ýalňyşlyk dälmi? Gürrüň bu ýede geçmişiň ýene bir gymmatly syry barada barýar. Näme üçin taýplaryň-halklaryň bir-ä, geçmiş şemalynyň öwüsgini arkaly täze mekanyň gözleginde yklymlary aşýar? Beýlekiler bolsa gidensoň, yzyna dolanyp gelýär? Näme sebäpden üçinji biri öz gadymky toprgyny terk etmeýär? Bu sowallar alymlary bireýýämden bäri tolgundyryp gelýär, arheologiýa ekspedisiýlarynda ýadawsyz gözlegleri alyp barmaga, toplanan maglumatlay seljemäge, deňeşdimäge, jedelleşmäge olary mejbur edýär. Seljuklar döwleti synandan hem-de Merwiñ şöhraty gaçandan soñ, Köneürgençde ençeme on ýyllyklaryñ dowamynda ozalky döwletiñ Eýrandan we Owganistandan başlap, Aral deñzine çenli, Gündogar ýarymyny öz häkimligine tabyn etmegi başaran başga bir türkmen Honedanynyñ ýyldyzy aýdyñ ýalkym saçdy. Olarý paýtagty bolan Gürgenç ylmyñ we medeniýetiñ merkezine öwrüldi. Ýöne bu gülläp ösüş uzak dowam etmedi.
Meşhur taryhçy alymlarymyz Ý. Atagarryýew bilen T. Hojanyýazow özleriniň “Türkmenistan “Beýik ýüpek ýolunyň” ugrunda” Merwi ýatlap şeýle ýazypdyrlar: “Oazisiň merkezi Gündogaryň uly şäherleriniň hataryna giren Merw bolupdyr. Ol özüniň möçberi we ähmiýeti boýunça diňe şol regionyň uly döwletleriniň paýtagtlaryndan yzda durupdyr. Merw taryhy taýdan emele gelen we dargap giden şäherjikleriň toparydyr. Ol ýaşan dürli döwürlerinde Erikgala, Gäwürgala, Soltangala, Abdyllahan gala we Baýramalyhan gala şäherjiklerine laýyk gelipdir[2]”. Bu aýdylanlara salgylanmak bilen, biz baş obýektimiz hökmünde yzarlaýan Soltangala bilen Abdyllahan gala ýaly şäherjiklerimizi ylmy taýdan içgin öwrenilmäge mynasyp hasaplaýarys.
Soltangala we onuň döreýiş taryhy
Marynyň has ösen döwri ΧI - ΧII asyrlar: ýagny onuň Seljuklar döwletiniň düzümine giren wagty bolupdyr.
ΧII asyrda Soltan Sanjaryň edara eden döwri (1118 - 1157 - nji ýyllar) Marynyň iň ýokary göterilen wagty bolupdyr we Mary Seljuklar döwletiniň merkezi bolupdyr. Seljuklar döwletiniň araçägi Amyderýadan Ortaýer deňzine çenli giňelipdir.
Mary söwdanyň, hünärmençiligiň, senetçiligiň, sungatyň, oba hojalyk önümleriniň merkezi şäherlerinden biri bolupdyr. Ol Balhdan, Hyratdan, Horezmden, Saragtdan gelýän söwda ýollarynyň çatyrygynda ýerleşmek bilen has - da ösüpdir.
Marynyň söwda we medeni merkezlerden biri bolmaklygy täze jemgyýetçilik jaýlarynyň, birinji nobatda myhmanhanalaryň, kerwensaraýlaryň köpelmegine getiripdir.
Şol wagtda salnan kerwensaraýlaryň weýran bolan galyndylary Marynyň söwda we medeni ösüşde tutan ornuny kesgitlemäge mümkinçilik berýär.
Mary oazisiniň, aýratyn hem Mary - Horezm - Mawerennahr aralygynyň kerwensaraýlaryny öwrenmekde professor M. E. Massonyň hyzmaty aýratyn uludyr.
Ýazuw ýadygärliklerinde Mary dürli - dürli atlandyrylýar: Mouru, Marguş, Margiana... Hytaý ýazuw çeşmelerinde bolsa ol Mu - lu ýa - da Mu diýilip ýatlanýar. Orta asyr arap transkripsiýasynda bu şäher Merw ýa - da Maru diýilip aňladylypdyr.
Gadymy Mary diňe bir gala bolman, eýsem ol galalaryň tutuş birnäçesini özüne birleşdirýän şäherdir. Gäwürgala, Soltangala, Abdyllahan gala. Olaryň her haýsynyň öz taryhy bar. Biziň günlerimize çenli saklanyp galan gala harabaçylyklary barada ýerli ilatyň arasynda köpsanly rowaýatlar hem saklanyp galypdyr.
Marynyň iň uly galalarynyň biri Soltangala diýilip atlandyrylýar. Galanyň düýbi seljuklar patyşasy Alp - Arslanyň (1063 - 1072 - nji ýyllar) edara eden döwründe tutulypdyr. Emma bu galanyň gurluşyk işleri diňe patyşa Solatn Sanjar döwründe tamamlanan bolmaga çemeli. Sebäbi gala Soltan Sanjar adyny alypdyr. Galanyň tutýan meýdany 374 gektara barabar. Gala diwarlary goranyş küňreleriniň 200 - e ýakyny bilen gurşalypdyr. Galanyň daş ýüzünde bolsa çuň garym bolup, beýleki orta asyr şäherlerinde boluşy ýaly suwdan doldurylan bolsa gerek.
Ýazuw maglumatlaryna görä, 1221 - nji ýylda mongol otrýady Çingiz hanyň ogly Tuly hanyň ýolbaşçylygynda Mara çozanda alty günläp galany synlap gezipdir we onuň berkligi sebäpli özüniň üstünlik gazanyp biljekdigine şübhelenipdir. Galanyň demirgazyk - gündogar burçunda erkgala bolupdyr. Şeýle hem bu ýerde ýatakhana, ýerli edaralar we beýleki jaýlar ýerleşipdir. Erkiň beýik diwarlary we goranyş küňreleriniň 48 - si bolan Soltangalanyň içinde we töwereginde köp sanly arhitektura ýadygärlikleri bar. Olardan has oňat öwrenilenleri Soltan Sanjaryň we Muhammet Hanapiýanyň mawzoleýleridir.
Soltangalada onlarça ýyllap gazuw - agtaryş işlerini geçiren S. B. Lunina Marynyň orta asyr hünärmentçiligini häsiýetlendirýän köp sanly arheologik materiallar toplady.
Bu ýerde aýratyn hem hünärmentçiligiň küýzegärçilik pudagy güýçli ösüpdir.
Küýzegärleriň kwartallary köp meýdany tutýar. Ussahanalar, küýze bişirilýän küreler, hünärmentleriň ýaşaýyş jaýlary şol kwartalda ýerleşýär.
Küýze bişirilýän küreler özleriniň görnüşi boýunça iki topara, ýagny gönüburçly we tegelek peçlere bölünýärler.
Olaryň birinjisi syrçasyz küýzeleri bişirmek, ikinjisi bolsa esasan syrçalanan küýze önümlerini taýýarlamak üçin niýetlenipdir.
Marynyň küýzegärleri öz önümlerini diňe bir ilatyň gündelik hajatlaryny kanagatlandyrmak üçin däl - de, eýsem söwda - satyk üçin hem niýetläpdirler.
Syrçalanmadyk küýze önümleriniň arasynda iňňän timarlananlary duş gelýär. Olaryň birnäçeleri kesme nagyşlar bilen bezelen bolsa, başgalary basma nagyşlar bilen bezelipdir.
Soltangalada gazuw - agtaryş işleri geçirilýärkä nagyşly keramiki önümleri ýasamak üçin niýetlenen galyplaryň telimsi tapyldy.
Marynyň keramiki önümleri diňe bir şol döwrüň hünärmentçiliginiň ýagdaýy bilen bizi tanyşdyrman, eýsem orta asyr çeperçilik sungaty barada hem gürrüň açmaga mümkinçilik berýär.
Yslam dininiň gadagan etmelerine garamazdan, keramiki önümleriň ýüzüne adamyň we haýwanyň suratlary çekilipdir. Şeýle gap - gaçlaryň köpüsi toý - mejlislerde ulanylan bolsa gerek. Başga wagtlarda bolsa ol haşamlanyp edilen gap - gaçlar öýlerň gap böwründe rejelenip goýulandyr.
Syrçalanan keramiki önümler özleriniň formalary boýunça - da, çeperçiligi boýunça - da dürli - dürlüdir. Olaryň köpüsinde guşlaryň, balygyň we beýleki haýwanlaryň suratlary bar. Guşlar esasan, bagtlylygyň nyşany hökmünde şekillendirilipdir. Şonuň ýaly - da syrçaly gap - gaçlarda arap hatlary bilen ýazylan ýazgylar duş gelýär. Olarda esasan oňat niýetlilik arzuw edilýär: “Şu gabyň eýesine uzak ýaşamak miýesser etsin”, “Iýeniň noş bolsun”...
Marynyň senetçileri beýleki şäherlere hem gidip işläpdirler. Aşgabatdan günbatarda ýerleşýän Täze Nusaý galasynda Mary ussalarynyň eli bilen ýasalan gap - gaçlar tapyldy. G. A. Pugaçenkowanyň pikiri boýunça bu nepis küýze önümleri Marydan getirilmän, eýsem maryly ussalar öz senetleri bilen Nusaýa çagyrylypdyr we şol ýerde hem birnäçe wagtlap işläpdirler.
ΧI - ΧII asyrlarda Maryda arhitektura sungaty güýçli ösüpdir. Şol arhitektura ýadygärlikleriň birnäçeleri barada ilkinji ylmy ýazgylary ΧIΧ asyryň ahyrynda W. A. Žukowskiý beýan edipdir.
Şondan soňra Marynyň orta asyr arhitektura ýadygärlikleri B. N. Zasypkin, N. M. Baçinskiý, W. I. Pilýawskiý, G. A. Pugaçenkowa, M. E. Masson ýaly alymlary has gyzyklandyrypdyr. Bu ugurda G. A. Pugaçenkowanyň hyzmaty has - da uludyr. Ol Günorta Türkmenistan arheologik kompleksleýin ekspedisiýasynyň düzüminde işläp, kerwensaraýlary, galalary we köşkleri öwrendi. Olaryň birnäçesiniň rekonstruksiýasyny çyzdy.
Seljuklar döwründäki Merwiň ýaşaýyş jaý binagärligi entek ýeterlik derejede öwrenilmändir. Şol döwre degişli saklanyp galan ýaşaýyş jaýlarynyň birnäçe harabaçylyklary binagärlik (arhitektura) nukdaýnazaryndan G. A. Pugaçenkowa, W. I. Pilýawskiý we beýleki arhitektorlar tarapyndan öwrenilip, käbirleri bolsa arheologlar S. B. Luninanyň, T. Hojanyýazowyň gazuw - agtaryş işleriniň netijesinde açyldy[3].
Şäheriň gorag diwarlarynyň daşynda ýerleşen ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynda diwarlarynyň galyňlygy (2 metre çenli), girelgeleriniň berkligi, belentligi ýaly alamatlar olaryň belli bir derejede goranyş ukybyna esaslanandygyny görkezýär. Şäheriň içinde ýerleşen ýaşaýyş jaýlaryna nusga hökmünde, Solatangalanyň demirgazyk - günbatar çäginde gazylyp açylan ymaraty görkezmek bolar. Özüniň tutýan meýdany we otaglarynyň bezelişi boýunça ol örän baý şäherlä ýa - da ýokary derejeli döwlet emeldaryna degişli bolmaly diýen çaklamany döredýär.
Orta asyr Merwiň ýaşaýyş jaýlaryna meňzeş ortasy açyk howluly ýaşaýyş jaýlary Umawiler döwrüne degişli Siriýada, Samarada, IΧ - ΧII asyrlara degişli Huttalda, Wahaşada, Horezmde, Azerbaýjanda we beýleki ýerlerde gazylyp üsti açylypdyr. Şeýel gurluş Leşkeri - Bazardaky (Günorta Owganystan) Gaznaly soltanlarynyň köşgüne hem häsiýetlidir. Merwde bolsa bu görnüşli jaýlaryň ýeterli derejede köp bolandygyny olaryň harabalary subut edýär.
Indi bolsa Soltangalanyň çäklerinde ýerleşen orta asyrlara degişli bolan käbir taryhy ýadygärlikler dogrusynda gysgaça gürrüň edeliň.
Muhammet Seýit ibn Zeýdiň mawzoleýi (türbesi) - Seljuklar döwrüniň ýadygärli.
Soltangaladan günbatarda mawzoleýleriň ýene - de biri bar. Ýerli ilatyň birnäçesi oňa Muhammet Hanapyýa diýip at berse, başga birnäçeleri ol ymam Japar as - Sadygyň Mazary bolmalymyş diýýärler. Emma hakykatynda bolsa Muhammet Hanapyýa VII asyryň ahyrlaynda ýa - da VIII asyryň başlarynda Arabystanda ölüpdir we Medinede jaýlanypdyr. W. A. Žukowskiniň pikirine görä, bu mawzoleý seljuklar döwletiniň patyşalaryndan biri bolan (1063 - 1072 - nji ýyllarda edara eden) Alp - Arslana degişli bolaýmagy hem mümkindir.
Emma mawzoleýiň diwarlaryna ýazylan hatlary okap, professor M. E. Masson başga netije çykardy. Mawzoleý Muhammet ibn - Zeýt atly adama degişli bolmaly. Ol 1112 - 1113 - nji ýyllarda Şeref ad - din Abu Tahyr ibn Seýit ibn Ali ibn - Hüseýin tarapyndan gurulypdyr. Bu adam iri feodallaryň biri bolupdyr. Ol 40 ýyllap Maryda häkimlik edipdir. 1121 - 1122 - nji ýyllarda Soltan Sanjaryň weziri wezipesini ýerine ýetiripdir. Şeref ad - din Abu Tahyryň ady bilen köp arjitektura ymaratlary baglanşykly bolupdyr. Onuň edara eden döwründe birnäçe kerwensaraýlar salynypdyr.
Muhammet ibn - Zeýdiň mawzoleýi epigrafiki ýazgylar we ýörite arhitektura kerpiçleri bilen bezelipdir. Bu mawzoleý hem Solatn Sanjaryňky ýaly döwlet ähmiýetli arhitektura ýadygärligi hökmünde hasapda durýar.
Bu ýadygärlik ΧΧ asyryň 50 - nji ýyllaryna çenli, ýagny meşhur arheolog M. E. Masson mawzoleýdäki: “Bu mazara (Allanyň merhemeti!) - şu (ýer) Abu Talybyň ogly, Alynyň ogly, al - Hüseýniň ogly, Aly Zain al - Abidiniň ogly, Zeýdiň ogly Muhammetdiň ejir çekip, wepat bolan ýeridir (Allanyň eradasy bilen olaryň hemmesine degişli bolsun!)” - Kufi ýazgysyny okaýança, araplaryň hanyfe taýpasyndan bolan halyf Alynyň ogly Muhammet ibn al - hanafiýanyň mawzoleýi hasaplanypdyr. Tekstde görkezilişi ýaly, Muhammet ibn Zeýd bäşinji arkada Alynyň neberesinden bolýar. Onuň Maryda ýaşap, Umewileriň tarapdary bolanlygy sebäpli, din ugrunda göreşip şehit bolandygy hakynda maglumatlar bar. Abbasylar häkimýeti eýelänlerinden soň, Muhammet ibn Zeýdiň guburynyň üstünde mawzoleý bina edilipdir. Bu gonamyň üstündäki gurluşyk ΧII asyryň başyna çenli erbet hala gelipdir. Şonuň üçin hem, ýazgyda görkezilişi ýaly, Marynyň häkimi (soň Soltan Sanjaryň weziri) Şeref - ad - din al Kummy 1112 - 1113 - nji ýylda Muhammet ibn zeýdiň mazarynyň üstünde mawzoleý gurmagy buýrupdyr. Bu mawzoleý biziň günlerimize çenli hem gelip ýetipdir we Beýik Seljuklar döwründäki Horasanyň arhitektura stiline doly kybap gelýär.
Muhammet ibn Zeýdiň mawzoleýi köne Marynyň eteginde ýerleşýär. Onuň dört gümmezi bolup (biri uly we üçüsi kiçi), mazardan we metjitden yabarat. Diwarlary bişen kerpiçler bilen sünnälenip bezelipdir. Gurluşygyň ähli ýeri owadan romb, üçburçluk, sekiz gatly, ýarym aýlaw geometrik nagyşly kerpijiň örülen görnüşi özüniň çeperçilik taýdan hiliniň ΧI - ΧII asyrlardaky Orta gündogarda ýokary arhitektura stilinde gurulypdyr we ony henizler gazuw işleri geçirilip öwrenmäge mynasyp.
Gyzbibi mawzoleýi (türbesi) - ΧI - ΧII asyrlara degişli bolan ýadygärlik. Soltangalanyň günbatar diwarynyň ýanynda ýerleşip, keramatly, gelim - gidimli ýerleriň biri hasaplanylýar.
Hudaýnazar öwülýä mawzoleý i (türbesi) - ΧII asyrda, Seljuklaryň döwrüne degişli ýadygärlik.
Ol Soltangaladan demirgazyk tarapda ýerleşýär. Şu ýerde Muhammet pygamberiň döwürdeşi, egindeşleri we sopylary Bureýda ibn al - Hyseýbanyň we al - hakama Gifarynyň guburlarynyň üstünde oýulyp ýazylan owadan ýazgyly mermer daşyny goýupdyrlar. Mawzolý bolsa täzeden bina edilip, Teýmirler döwrüniň monumental arhitektura gurluşygynyň ajaýyp nusgasydyr. Soňky ýüz ýyllyklarda mawzoleýiň töwereginde bigiden ikinji derejeli binalar gurulyp, ýadygärligiň arhitektura ansamblyna zeper ýetirmändir.
Hoja Ýusup Hemedanynyň metjidi - ΧVI asyryň ýadygärligi.
Şyh Ýakub Ýusuf ibn Aýýub Hemedany (1048 - 1140 - njy ýyllar) Maryda ýaşap, Nagyşbendilere degişli bolupdyr. Hormatlanyp onuň adyna bina edilen metjit Soltangalanyň diwaryndan demirgazyk toparynda uly türkmen öwlüýäsinde (gonamçylygynda) ýerleşýär. Ashablaryň (sopylaryň) mazaryna (mawzoleýine) meňzedilip kerpiçden gurulan bu uly bina mazarlaryň öňünde ýerleşdirilen fonda (görnüşde) görkezilipdir.
Maryda köp sanly metjitleriň, köşkleriň, mawzoleýleriň (türbeleri), ýaşaýyş jaýlarynyň binalaynyň saklanyp galandygyny aýratyn bellemek gerek. Olar barada ýazyp gutaryp bolar ýaly däl. Şol sebäpden hem diňe Marynyň ýadygärlikleriniň iň meşhurlarynyň käbirini agzap geçmegi möwessa bildik.
Orta asyr taryhy ýazgylarynda Merwde medeniýetiň, sungatyň we ylmyň gülläp ösüşi hakyndaky gymmatly ýazgylar
Türkmen medeniýetiniñ onuñ hat – ýazuwy bilen aýrylmaz baglanşyklydyr. Arheolgik maglumatlar ýurdymyzyñ ýerlerinde VII asyrda hat ýazuwyñ bolandygyny güwä geçýär. Gadymy Merwden hum döwükleriniñ we mal pilçeleriniñ ýüzüne garasiýa bilen ýazylan ýa – da şoña golaý dokument tapyldy. Tehlewi harplary bilen ýazylan bu dokumentleriñ henize çenli manysyny anyklamak başardanok.
Beýik Seljuk Türkmen imperiýasynyň iň soňky soltany Sanjaryň (1118 - 1157) gümmezi binaçylygyň diňe bir Türkmenistan däl, eýsem, bütin Horasan mekdebiniň ajaýyp nusgasydyr. Ol gadymy Merwde ýerleşýär. Eger – de gadymy Merwden hiç bir yz galman, ol barada hiç bir maglumat bolmadyk ýagdaýynda – da, diňe bir soltan Sanjaryň ýadygärligi Merwiň örän uly şäher boladygyny aýtmaga esas bererdi. Ol ýadygärlik soltan Sanjaryň “O dünýädäki öýi” diýip atlandyrylypdyr. XIV asyryň uly taryhçysy Reşidetdin ony “dünýäde iň uly ymarat” hasaplapdyr. XV asyryň başga bir taryhçysy bolsa: “Bu ýer ýüzündäki patyşalyklaryň iň uly ymaratlarynyň biri, özü – de şeýle bir berk bolup, hiç bir zaýalanma oňa täsir edip bilmez” diýip ýazypdyr.
Ymaratyň gurluşygyna soltan Sanjaryň özi bar wagtynda – XII asyryň 40 – njy ýyllarynda başlanypdyr. Onuň ýüzünde binagäriň ady saklanyp galypdyr: Muhammet ibn Atsyz. Asly Sarahsdan bolan bu ussadyň beýik binagär bolandygy şu ymaratdan hem aýdyň görünýär. Hakykatdan – da, gümmeziň kerpiçden iki gat edilip örüliş tertibi öz döwri üçin örän öňe gidişlikdir. Binaçylykda şeýle usul diňe şondan üç asyr soň, Florensiýada Santa Marii del Foreniň gümeziniň ussasy Filippo Brunelleski tarapyndan gaýtalanypdyr.
Soltan Sanjaryň gümmezi barada köp sanly rowaýatlar aýdylýar. Şol rowaýatlaryň birine görä, Sanjar asman perisine aşyk bolýar. Peri soltanyň üç şert goýýar: ol onuň bilinden gujaklamaly däl, ökjesine seretmeli däl, saçyny daraýan mahaly synlamaly däl eken. Sanjar ol şerti bozýar. Periniň saçyny daraýan mahaly kellesine elini aýlaýandygyny görýär. Ol şeýle hem perini gujaklap, onuň süňksüzdigini, ýörände – de ökjesine basman ýeriň ýüzünden uçýandygyny bilipdir. Peri soltana gahar edip, asmana uçup gidipdir. Gam – gussaly soltan Sanjar kämahal gümmeziň deşiginden onuň gözel keşbini görenmiş. Şol ýerde hem özüni jaýlamaklaryny wesýet edenmiş.
Soltan Sanjaryň mawzoleýi Marynyň iň oňat arhitektura ýadygärlikleriniň biri hasaplanylýar. Bu mawzoleýiň haçan salynandygy barada alymlaryň arasynda henize çenli kesgitli pikir ýok. Käbirleri mawzoleýi heniz Soltan Sanjar dirikä salynypdyr diýýärler, başga birleri bolsa Solatn Sanjar ölende ilki başga ýerde jaýlanypdyr, soňra bolsa mawzoleý saldyrylyp, şonda jaýlananmyş diýýärler.
Şeýlelikde, her niçik hem bolsa Soltan Sanjaryň mazary mawzoleýde ýerleşdirilipdir.
Orta asyr awtory Ýakudyň habar bermegine görä Sanjaryň mawzoleýi bir günlük ýoldan, ýagny takmynan 25 - 30 kilometrden görünýän eken. Ol ΧII asyrda bina edilipdir.
Mongollar 1220 - nji ýylda Mara çozanlarynda Soltan Sanjaryň mawzoleýine ep - esli zapar ýetiripdirler. Olar Sanjaryň edara eden döwründe toplanan baýlyklary onuň mazarynda goýulan bolaýmagy mümkindir diýip, mazary agtarypdyrlar we derbi - dagyn edipdirler.
Şeýlelikde häzirki wagtda mawzoleýde Sanjaryň mazary ýok. Emma aramgähde mermerden ýasalan mazar üsti daş bar. Ol 1911 - nji ýylda rus goşunynda gulluk eden bir türkmen tarapyndan goýulypdyr.
Emma soňky döwürlerde hem iň oňat arhitektura ymaraty hökmünde Sanjaryň aramgähiniň dabarasy dag aşypdyr.
ΧV asyryň başlarynda awtor Raşid ad - diniň berýän maglumatyna görä bu mawzoleý “dünýäde iň uly” ymaratlaryň birimiş. Şol asyryň ahyrlarynda başga bir awtor Isfizari “bu ymarat şeýle bir berk, ony hiç bir zat zýalap bilmez” diýip belleýär.
Mawzoleýiň konstruksiýasyny öwrenmek maksady bilen kem - käs gazuw - agtaryş işi we birnäçe gezek ölçegler geçirildi.
Mawzoleýiň fundamenti ýeriň häzirki derejesinden dört metr aşakdan tutulypdyr. Gurluşykçylar ymaratyň berk bolmagy üçin köp tagalla edipdirler. Fundament üçin gazylan çukur birnäçe wagtlap suwdan doldurylypdyr. Soňra bolsa ol guradylypdyr. Şeýlelikde mawzoleý gurulandan soňra aşak çökmez ýaly edilipdir. Arhitektura gurluşygynda şeýle usul orta asyrlarda giň ýaýrapdyr. Mawzoleý kwadrat şekilinde bolup, onuň taraplary 27 metre, beýikligi bolsa 38 metre barabar. Bu ajaýyp ymaratyň ussasy saragytly Muhammet Atsyz diýen adam bolup, onuň gurluşygyna gözegçilik etmek Soltan Sanjaryň ynamdary Igtyýareddin Jöher at - Täjä tabşyrylypdyr. Mawzoleýiň gurluşyk materialy kwadrat formaly bişen kerpiçden ybarat. Ymarat dürli geometrik nagyşlar bilen bezelipdir.
Soltan Sanjaryň mawzoleýi barada sungaty öwreniji G. A. Pugaçenkowa: “Eger bütin Merw yz galdyrman ýiten bolsa, onuň öňki şöhratyny şöhlelendirýän maglumatlar, şäheriň ýadygärlikleriniň harabaçylygy - da galmadyk ýagdaýynda - da, diňe şu ýadygärlik galan ýagdaýynda - da, atlandyrylan ýäheriň ägirtligini duýmaklyga öz - özünden mümkinçilik döreder[4]” diýip ýazypdyr.
Mawzoleý bilen baglanşykly bir waka bolup geçipdir. Uly bolmadyk bir türkmen taýpasy heniz Solatynyň özi diri mahallary, salgyt tölemeli bolanda, onuň göz öňünden bir süri goýuny birnäçe gezek geçirmek bilen hile gurap, ony aldapdyrlar. Olaryň eden mekirlikleriniň üsti açylýar we Solatn olardan öýkeleýär. Birnäçe ýüz ýyl geçip, bu taýpa azalyp, betbagtlykdan gözi açylmandyr. Aksakallar jemlenip, Solatn Sanjaryň näletinden çykmak üçin, bütin taýpa bolup, mawzoleýiň ýanyna göçüp gelmekligi karar edipdirler we gelýärler. Soltanyň hatyrasyna mal öldürip, şeýha Kura’n okadypdyrlar. Şol wagtda - da oýnap ýören çagalar gümmeziň üstüne çykýarlar we olardan birisi aşak gaçyp, tarpa - taýyn jan berýär. Adamlaryň içinden kimdir birisi: “Soltan Sanjar barlyşmak islemeýär!” diýip gygyrypdyr. Palawly gazan ters öwrülip, ot söndürilipdir, taýpa gaýgy - hasrat bilen bu ýeri terk edipdir.
Häli - häzirler hem bu belent mawzoleýe zyýarat edýärler, janly soýup, aýat - töwür, degsin edýärler.
Abdyllahan gala Merwiň orta asyrlara degişli esasy ýadygärligi hökmünde
Taryhy ýazgylardan mälim boluşyna görä, Abdyllahan gala baradaky maglumatlaryň sany azlyk edýär. Emma ylmy netijä ýetmek maksady “soradyp Käbäni tapdyrmazmy” eýsem?! Şol maksat bilen hem biz aşakdakylar ýaly görnüşde jogaby “tapmaça öwrülen” bu gala baradaky düşünjelerimizi beýan etdik.
Türkmen Sowet Ensiklopediýasynda Abdyllahangala barada şeýleräk maglumat berilýär:
Abdyllahan gala - Baýramaly şäheriniň demirgazyk - gündogar çetinde ýerleşýän gadymy ýadygärlik. Ol köne Mary şäheriniň galyndylarynyň bir bölegi bolup, ΧV asyryň I ýarymynda bina edilýär. Galanyň günorta - günbatar diwarynyň uzynlygy 695 mete, günorta - gündogar diwary bolsa 630 metre barabar. Diwaryň galyňlygy 2,5 - 3 metre, kä ýerlerdeol 6 metre ýetýär. Onuň beýikligi 5 - 7 metr. Abdyllahan galanyň dört burçunda äpet tegelek küňreler, diwarlaryň ugrunda bolsa uluy - kiçili 42 küňre ýerleşýär. Abdyllahan gala 44 goranyş küňresi bilen berkidilýär. Abdyllahan galanyň iki sany derwezesi bolup, Eýrandan, Horezmden, Samarkantdan, Buharadan, Toharystandan we beýleki ýurtlardan gelen täjirler şol derwezelerden şähere giripdirler hem - de söwda işleri bilen meşgullanypdyrlar. Galanyň içinde, metjit, medrese, köşk, birnäçe howuz we şuňa meňzeş zatlar ýerleşýär. Metjidiň üç tarapyndan girelgesi bolup, onuň içi birnäçe otagdan ybarat. Medresäniň jaýy özbaşdak bolman, metjit bilen birlikde tutuş bir ymaraty emele getirýär. Galanyň demirgazyk - gündogar burçunda hökümet köşgi ýerleşýär. Köşk hem goranyş küňreleri bilen berkidilýär. Abdyllahan galada şäheriň arassaçylygyna belli bir derejese üns berilipdir. Kir suwylary we şuňa meňzeş hapa suwlar hem çem gelen ýere dökülmän, guýy şekilinde gazylan çukurlara çekilen keramiki tubalar arkaly akdyrylypdyr. Gala, esasan, günorta tarapdan akyp geçýän kanalyň suwy bilen üpjün edilipdir. Ondan başga - da galanyň içinde dört sany uly howuz bolup, olarda köp suw saklanypdyr[5].
Galanyň döreýiş taryhy barada şu hiliräk taryhy maglumatlar saklanyp galypdyr. Çingiz han 1222 - nji ýylyň tomsunda, esasy goşuny bilen Horasany eýelemek üçin gelýär. Ýüz müň şäher ilaty gylyçdan geçirilip, şäher bolsa oda berilýär. Kyrk günüň dowamynda, ýörite jeza beriji otrýad şäherlileriň hemmesini jezalandyrýar. Her kim “başyny gutarmaga” çalyşyp, şäheri terk edýär.
Wagtyň geçmegi bilen adamlar Mara gelip başlaýarlar. Şol wagtlar Horasanyň hökümdary mongol Bensil noýon eken. 1243 - nji ýylda beýik han Ugedeý (Çingiz hanyň ogly) Horosana häkim edilip, türkmenleriň Jangurbany taýpasyndan bolan Argunşany belleýär. Ol şäherde birnäçe gurluşyk işini alyp barýar. Onuň buýrugy bilen 1250 - nji ýylda tomus köşgi, 1251 - nji ýylda buddalaryň ybadathanasy we başga binalar gurulýar. Haýran galmaly, köşk Hytaý ussalarynyň gatnaşmaynda gurulypdyr. Bu gurluşyklara garamazdan, şäheriň köp bölegi weýrançylygyna galyberipdir. Emir Argun Horasanda 13 ýyllap häkimlik eden döwürlerinde, bu gözgyny ýagdaýy gowulamagy başarypdyr. Emma onuň aradan çykmagy bilen, Günorta Türkmenistanyň ýeri ýene - de tozdurylypdyr. Mangol hanlary, şazadalary öz aralarynda hasyl berýän mes toprakly ýerleriň üstünde irginsiz göreş alyp barypdyrlar.
ΧIV asyyň ahyrlarynda Türkmenistanyň tutuş territoriýasy diýen ýaly Teýmir leňiň golastyna düşüpdir. Onuň ogly Şahruhyň (1405 - 1447- nji ýyllar) hökümdarlyk eden ýyllarynda şäherler, obalar täzeden dikeldilip, mary ýene - de janlanyp başlaýar. Şahruhyň döwründe, abadan, parahat döwletde hanakalar, medreseler, rabatlar (şäher eteginde gurlan kwartallar), binalar we köprüler guruldy.
Şeýlelik bilen, Abdyllahan galasynyň ýerinde giçki orta asyr Marysy guruldy. Ýöne şol wagtlar hem adamlar Soltangalada ýaşamaklaryny bes etmändiler.
1507 - nji ýylda özbek häimi şeýbany han Horasanda Teýmirleňiň döwletini agdarypdyr we Maryny eýeläpdir. Şu ýerde Şeýbany han özüniň ýygnan ähli hazynasyny saklaýar eken. 1510 - njy ýylda Marynyň golaýynda, has takygy, Talhatanbabada Şeýbany han bilen Ysmaýyl şanyň arasynda gazaply uruş başlanýar. Ysmaýyl şany gajar, üstajy, rumly, tekeli, baharly, zülkadar, afşar türkmen taýpalarynyň başlyklary we serdarlary goldapdyrlar.
Şeýbany han şu söweşde öldürilýär. Marynyň ilaty ysmaýyl şanyň öňünden eleri altyn sowgatly çykypdyrlar we täze gelen hökümdaryň welaýaty Sefewileriň döwletiniň düzümine goşulýar.
Soňky döwrüdäki Maryny ykbaly örän agyr bolupdyr. Ysmaýyl şanyň goşuny Marydan giden dessine, özbek hany ubeýdulla han birnäçe gezek şäheri eýeläp, talaňa beripdir. Segsen ýyla golaý wagtlap, Mary bir şeýbanylara, birem sefewileriň eline geçip durupdyr. Ahyrynda - da 1600 - nji ýylda Sefewileriň patyşasy Apbas I Maryny eýeläpdir we onuň buýrugy bilen şäheriň daşyna täze diwar galdyrypdyrlar. Bu bolsa Abdyllahan galasynyň has - da berkleşmegine itergi beripdir.
Apbas şa tarapyndan Mara täze bellenen türkmenleriň üstajy taýpasyndan bolan Bektaş han şäheri has - da gowy berkitmegiň hötdesinden gelipdir. Diwarlaryň daşyndan çuňňur gazylan aýlaw çukur täzeden arassalanypdyr. Köp ýerlerinde minaralar gurlupdyr. Şäheriň içinde bolsa köp dürli ýaraglar, geýim, iýmit, azyk ätiýaçlyklary jemlenipdir. 1628 - nji ýylda Apbas I ölenden soň, Maryny Horezm häkimi Isfendiýar han eýelemegiň küýüne düşýär we marly serkerde aşyr handan “it masgarasy bolup” ýeňilip, ähli zatlaryny taşlap, gaçyp gidýär. 1630 - 1633 - nji ýyllarda Mawerennahyryň hany Ymamguly hanyň (1611 - 1642 - nji ýyllar) Maryny eýelejek bolup eden synanşygy hem puja çykýar.
1690 - njy ýylda Marynyň şäher ilaty hajy Timur hanyň ýolbaşçylygynda iki gezek buharaly atlyk Huşyk begiň hüjümini yza serpikdirip, galany goramagy başarypdyrlar.
Abdyllahan galasy Nedir şanyň döwründe täzeden abadanlaşdyryp, onuň Horasandaky harby lagerine öwrülýär. Şäher täzeden “Şahyjahan” diýilip atlandyrylyp başlanyp, “gözel behişt bagyna” meňzeýär. Emma ol gözellikleriň ählijesi 1747 - nji ýylda Nedir şanyň dünýäden ötmegi bilen weýran bolýar. Şäher yzly - yzyna eýranlylar, owganlar, horezmliler we buharalylar tarapyndan birnäçe gezek eýelenip, talanyp gidilýär. ΧVIII asyrda Maryny Baýramaly hanyň dolandyryp başlamagy bilen Abdyllahan gala öz ýaşaýyş möwrütini tamamlaýar. Täze häkim “Baýramalyhan gala” ady bilen täze gala gurdurýar. Bu gala Merwiň bäş galasynyň iň soňkusydyr we ol häli bu güne çenli hem saklanyp galypdyr.
Merwiň orta asyrlar taryhynda yz galdyran görnükli şahsyýetler we olaryň gymmatly işleri
XI – XIII asyrda Seljuklar imperiýasynyñ we Horezm şalar döwleti döwründe Türkmenistanyñ medeniýeti ýokary derejä ýetipdir. Bu döwürde Merwde, Ürgençde, Nusaýda we beýleki şäherlerde uly medeni hem ylmy merkezler döräpdir. Olaryñ şu häsiýete eýe bolmagy üçin köplenç ýerli häkimler, baýlar öz serişdelerini gysganmandyrlar. Ürgençdäki Mamunyñ akademiýasy hen şeýle ösen merkezleriñ biridir. Ol IX-X asyrlaryñ sepgidinde Horezme dolandyran mamunlar nesli döwründe şeýle ösüse eýe bolýar. Ol merkezde dünýä belli alymlar Abu- Reýhan Biruni, Abu Ali ibn Sina (Awisenna), taryhçy hem filosof Abu Sahe – Masekit, alym lukman, lukman Abul Hasan Seummar, matematik Abu – Nassyn ar- Rah we başgada birtopar alymlar işläpdirler. Bu bolsa topragynda dünýä ylmyna we medeniýetine ummasyz goşant goşan ajaýyp ylmyñ hem medeniýetiniñ gülläp ösen künjegine öwrülipdir. Ony dünýä belli lukman hem filosof Ibn Sinanyñ (980 – 1037) we beýlekileriñ döredijiligi subut edýär. Ibn Sina 1017 – nji ýylda Ürgençden gidip Nusaýda, Abiwertde ýaşaýar. Onuñ medisina boýunça ýazan işleri bu gün hem ylymda – da öz ähmiýetini ýitirenok.
Orta asyrlarda ylmyñ we medeniýetiñ gülläp ösen mekany bolan esasy şäherleriñ biri Merwdir. Onda XIII asyra çenli iñ uly kitaphanalaryñ onusy bar eken. Olaryñ biri – de “Azýuiziýa” diýlip, onda 12 müñ tonna golaý kitap saklanypdyr.Kitaphananyñ ikisi As-Samanynyñ öýüne degişli bolupdyr. Merwdäki kitaphanalarda Birunynyñ ylmy traktlarynyñ 30-dan köpräginiñ spisogy saklanypdyr. Mongol basybalyjylarynyñ öñ ýanynda şol kitaphanalarda ýyllap işlän arap geografy Ýakut: “Men sany hem artykmaçlygy boýunça şolara meñzeşleri bütin dünýäde görmedim …. ” diýip ýazypdyr.
Merwiñ we Ürgenjiñ ylymlar köşlerinde ýerli alymlardan başga-da dünýäniñ dürli künjeklerinden gelen görnükli alymlar ylmy iş alyp barypdyrlar.
Tanymal filosof we şahyr Ahmet ibn Muhammet al-Ahsyhat Fergona welaýatynyñ Ahsyhet şäherinde dogulýar we ömrüniñ ahyryna çenli Merwde ýaşaýar. Ol Merwde mugallymçylyk eden Assamanynyñ atasy Abul Mussafan As-Samanyñ elinde okap ylym alypdyr.
XII asyryñ görnükli alymlaryndan lukman Zeýin-ed-din, Abu Ybrahym, Jürjäniniñ geometriýa we fizika ylymalary bilen alym Kazynyñ atlaryny tutmak bolar. Horezmde işlän Jürjäni uly medisina ensiklopediýasyny döredip ony Horezm şasy Kutug ed-din Muhammade bagyşlapdyr. Ol öz ömrüniñ sopñky ýyllaryny Merwde geçirip, şol ýerde-de 1139-njy ýylda-da aradan çykypdyr.
Ürgençde Horezm şasy Tekeşiñ köşgünde işlän alym Fahr ed-Din er-Razy 1179-njy ýylda “Ylymlar ýygyndysy ” diýen ensiklopediýasyny ýazyp gutarýar. Bu eser ylymlayñ 57 pudagyny öz içine alypdyr.
Muhammet Al Horezmi. Muhammet al Horezmi (783-850) döredijilikli ömrüniñ iñ bir röwşen ýyllaryny Maryda (köne Merw-häzirki Baýramalynyñ demirgazygynda) al-Mamunyñ häkimlik eden ýerinde geçirýär.Oña köşkdäki “Danalyk hazynasyna” ýolbaşçylyk etmek tabşyrylýar.Al-Horezmi astronomiýanyñ uly ussady,beýik alymlaryñ biri hasaplanýar. Al- Horezmi köp taraply ensiklopedik alymdyr.
Al Mamun halyf bolandan soñ (819-njy ýyl), Marydaky ähli uly alymlary-da özi bilen Bagdada alyp gidýär. Astronomiýa, matematika,jugrafiýa we beýleki ylymlar boýunça alnyp barylýan ylmy işleriñ esasy ýolbaşçysy al-Horezmi hem şolaryñ arasy bilen,Bagdada gitmeli bolýar.Al-Horezmi “Zij”, “Gün sagady hakynda kitap” “Astrolýablaryñ gurlyşy hakynda kitap”, “Astrolýabyýaly hereketler hakda kitap” “taryhy kitap” ýaly uly işleriñ atorydyr.Onuñ her bir kitaby şol ugurda edilen işleriñ ilkinjisidir. Başgaça aýdylanda al-Horezmi haýsy meseleden söz açan bolsa ol şol ugur boýunça ylmyñ ilkinji sahypasy bolup durýar.
Abu Nasyr al-Faraby. Abu Nasyr Muhammet al Faraby (870-950) ýaşap geçen alymdyr hem-de ol dünýä belli alymlaryñ biridir.Ol matematika, astronomiýa we jugrafiýa boýunça ençeme işleri alyp barypdyr. Ilkinji mugallym hökmünde bolsa Faraby gündogar edebiýatynda has giñden tanalýar.
Abu Reýhan Biruny. Abu Reaýhan Biruny (973-1048). XI-XII asyrlar häzirki Türkmenistanyñ ylmyñ, medeniýetiñ, şol sanda edebiýatyñ hem ösen döwrüdir.Mysal üçin mongol basybalyjylarynyñ öñüsyrasynda Merwde onlarçä örän uly kitaphanalaryñ bolandygyny tassykalaýan maglumatlar bar.Olar şol ýerde ylmyñ, medeniýetiñ ösendigine şaýatlyk edýär.Arap geografiýaçysy Ýakut bu hakda söz açyp:“men şeýle köp sanly kitaby bolan kitaphanany dünýäniñ hiç ýerinde görmedim”diýip ýazýar.Yakut şol kitaphanalaryñ ikisi hakda söz açýar.Olaryñ birine “Aziziýe” diýilýändigini ondaky kitaplaryñ on ik müñ tonna ýetýändigini belleýär.
Merw kitaphanalarynda Abu Reýhan Birunynyñ otuzdan gowrak ylmy traktatlaryndan habar berýän maglulatlar hem bar.Görşümiz ýaly şol döwürde Mary ylmyñ iñ bir ösen merkezleriñ biri bolupdyr.
Ol 973-nji ýylda Horezmiñ Birun diýen obasynda Gaznawylaryñ paýtagty bolan Gazna şäherinde eneden bolýar.1017-nji ýylda Mahmyt Gaznawy Horezmi basyp alýar.Biruny bolsa zor bilen şol Gaznawy şäherine äkidilýär. Ol ömrüniñ dowamynda 150-den gowrak ylmy iş ýazypdyr.Biruny ilkinji bolup ýer ýüzüniñ globusyny düzen alymdyr.
Abu Aly Ibn Sina. Abu Aly Ibn Sina-Awissena(980-1037) dil, matematika, astronomiýa we jugrafiýa boýunça ençeme işler edendigi bellidir. Ibn Sina lukman bolupdyr.Ol otlardan 40 dürli derman ýasapdyr. Ibn Sina başlangyç bilimi Buharada alypdyr. Ol örän zehinli ekeni.Ol 10 ýaşyndaka Gurhany-Kerimi başdan-aýäk ýatdan bilipdir. 16-17 ýaşlarynda Ibn Sina Horezmde belli tebip hökmünde tanalyp başlapdyr.Ibn Sina öz döwrüniñ uly medeniýet merkezlerinde: Buharada, Horezmde Ürgençde, Yspyhanda belli köşk alymlary bilen işläpdir. Ol 280-den gorak ylmy iş ýazypdyr.
Emir Muizzy. Muizzi-Abu Abdylla Muhammet ibn Abdylmälik Muizzi (1047-1127) häzirki Aşgabat şäheriniñ eteginde ýerleşýän gadymy Parfiýa döwletiniñ merkezi şäheri bolan Nusaýda eneden bolýar.Muizziniñ kakasy Abdulmälik Burhany Seljuk hökümdarlarynyñ köşgünde uly şöhrata we “ melekuç şukra-şahyrlaryñ şasy”diýlen belent ada eýe bolýar.XIII asyryñ birinji çärýeginde Merwde enden doglan Muhammet Aufy Merweziniñ “Lubab al-albab”(Goularyñ gowusy) diýen tezkiräniñ (antologiýanyñ) ilkinji tohumynda Mizziniñ dilinden aýdylýan maglumatlar bar:”Meniñ atam şahyrlar emiri Burhany Mälik şanyñ häkimlik eden döwründe(şäherinde) pany dünýäden baky dünýä geçdi”.
Omar Haýýam. Gündogaryñ meşhur şahyrlarynyñ, alymlarynyñ arasynda Omar Haýýamyñ ady uly hormat bilen tutulýar. Omar Haýýam 1048-nji ýylda eneden doglup, 1131-nji ýýlda hem aradan çykypdyr. Onuñ doly ady Kyýaseddin Abulfath Omar ibn Ybraýym Haýýam Nişapurdyr. Omar şahyryñ ady, Ibn Ybraýym Haýýam –kesp käri (çadyrçy)-şahyryñ lakamy bolupdyr.Ol Nişapuryñ (doglan şäheriniñ ady) golaýyndaky bir obada çadyr dokaýän maşgalada önüp-ösüpdir.Omar ýaşlykdan durmuşyñ agyr kynçylyklaryny başdan geçiripdir.