Parodont kesellerinde patologoanatomik alamatlar.




I. Bap

Terapewtik stomatologiýanyň ösüşi we

onuň öňünde durýan meseleler

 

Terapewtik stomatologiýa-lukmançylygyň esasy pudaklarynyň biri bolup, agzyň içindäki we onuň töweregindäki agzalaryň, şonuň bilen birlikde dişleriň, ýuz süňkleriniň, äňleriň we olara ýakyn durýan ýüzüň we boýnuň ýumşak dokumalarynyň ýagdaýlaryny, olaryň keselleriniň öňüni almagy we ygtybarly bejermegi öz içine alýan wajyp meseleler bilen meşgullanýar. Şu ýokarda ag­zalan toplum we özboluşly sebit, bir bitewi, äň-ýüz ulgamyny emele getirýär we örän köptaraplaýyn hem-de çylşyrymly, biri-biri bilen örän inçeden ysnyşykly baglanyşygy bolan işleri ýerine ýetirýär.

Agyz boşlugynyň nemli bardasy, giň duýujy we merkezi beýnä habar beriji zolak bolup, iýmitiň gatylyk-ýumşaklyk ýagdaýyny, tagamyny duýmaklygyň, çeýnemek hem-de ýuwutmagyň, iýmit siňdirmegiň, dem almagyň we gepleşmegiň belli bir bölegini amala aşyrmakda uly ähmiýete eýedir.

Bu ulgamyň haýsy-da bolsa bir agzasynyň gurluşynyň ýa-da düzüminiň üýtgemegi, onuň kadaly işlemegine gönüden-göni täsir edýär. Şonuň bilen birlikde, agzalaryň kadaly işiniň bozulmagy dokumalaryň gurluşynyň, kä halatlarda anyklamagy kyn bolan üýtgeşmelerine alyp barýar.

Ýüz-äň ulgamynyň aýry-aýry agzalarynyň gurluşynyň, fiziologiýasynyň biri-birinden ýeterlik tapawutlydygyny ýatdan çykarmak bolmaz. Agzalaryň gurluşy bilen işiniň arasynda ýakyn baglanyşygynyň bardygyny hem-de gurluş bilen işiň bitewüligini ýüz-äň ulgamynyň aýry-aýry ösüş döwürleriniň mysalynda göz öňüne getirmek kyn däldir.

Dişlerde, äňlerde we agzyň ýumşak dokumalarynda döreýän keselleriň adamlarda döreýşiniň we geçişiniň özboluşly aýratynlyklarynyň barlygy, olaryň öňüni almakda we ygtybarly bejermekde görnüp duran aýratynlyklarynyň bardygyny aňladýar.

Biziň ýurdumyzda terapewtik stomatologiýa ugry boýunça birnäçe görnüşdäki keseller uly mesele bolup durýar. Olar: dişleriň kariýesi we gönüden-göni ötüşen görnüşleri, dişleriň flurozy (menekliligi), parodontyň (ýagny parodontlaryň) we agzyň nemli barda keselleridir.

Bulardan başga-da, terapewtik stomatologiýada agzyň nemli bardasynyň ke­sel­lerde üýtgemegi, sülekeýiň düzüminiň üýtgemegi, dişleriň gaty dokumalarynyň kariýesden özge ke­sel­leri, umumy agyzdaky üznüksiz ojaklaýyn ýokanjynyň täsirleri we başgalar aýratyn ünse mätäçdir.

Bu wajyp meselelere garamazdan, terapewtik stomatologiýanyň esasyny öz wagtynda ulanylmaly ilkinji we ikilenç geçirilýän öňüni alyş çäreleri düzýär. Adamlary ýörite dispanser gözegçiligine almak arkaly we maşgala lukmanlary bilen ýakyn gatnaşykda geçirilýän bu wajyp çäreler, diş-äň keselleriniň wagtynda öňüni almagy we ygtybarly bejermekligi üpjün etmäge, olarda umumy bedeniň keselleri bolan guragyry, böwrek, bogun we şuňa meňzeş kesellerin-de öňüni almaga ýardam edýär.

Terapewtik stomatologiýa özbaşdak ylym we umumy lukmançylygyň hem-de onuň wajyp bölümi bolan stomatologiýanyň ösüşi bilen ýakyndan baglanyşyklydyr.

Her bir ylma mahsus bolşy ýaly, terapewtik stomatologiýa-da özüniň ösüşini ilkinji ädimlerden we taryhy hadysalardan başlady. Onuň döremegine ilki bilen diş, agyz, äň keselleriniň gadym zamanlardan bäri bolanlygy we barlygy täsir edendir. Şu agzalan esasy meseläni diş keselleri barada düşünjäniň, şol keselleri netijeli bejermek baradaky bilimiň asyrlar boýy artmagynyň ýüze çykarandygyny bellemek gerek.

Irki döwürlerde (ýagny VIII – XII-nji asyrlarda) araplarda stomatologiýa ylmynyň pajarlap ösmegi bilen birnäçe örän peýdaly pikirler, abzallar we serişdeler ulanylypdyr. Öz döwrüniň belli hekimi Abul Kasym (936-1013) diş etiniň kesellerini diňe ýerli hadysa diýip hasaplapdyr. Ony bejermek üçin diş daşlaryny aýyrýan ýörite abzallar we dişetini bejermegiň ýörite usulyny hödür­läpdir.

Gündogaryň beýik hekimi bolan Abu Ali Ibn Sina (980-1037 ýý) özüniň “Lukmançylyk ylmynyň kanunlary” diýen ägirt uly işinde kentlewügiň keselleri we dişleriň ösüp çykyşy barada giňişleýin durup geçipdir. Ol yrgyldaýan dişleri berkitmegiň usulyny hem salgy beripdir.

Terapewtik stomatologiýa degişli örän peýdaly maglumatlar orta asyr türkmen hekimleri S.Y. Gurgenliniň hem-de Muhammet Gaýmaz Türkmeniň ylmy ýazgylarynda getirilipdir. S.Y. Gurgenliniň (1057-1137 ýý) “Tebipçiligiň ýan kitaby” atly örän peýdaly işinde diş-äň kesellerine ýörite bölüm berlipdir. Onda berlen maslahatlar şu güne çenli özüniň ähmiýetini saklap gelipdir. Muhammet gaýmaz Türkmeniň (1264 ý. doglan) işlerinde Muhammet Pygamberiň hadyslaryndan gelip çykýan tebipçilik maslahatlary berlipdir.

Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Türkmenbaşy türkmen halkynyň alym şahslarymyzyň ylmy miraslaryny dikeltmäge uly ýol açdy we şolaryň ylmy miraslaryny öwrenmek lukman­çylyk institutynyň okuw maksatnamalaryna girizildi. Şonuň üçinem, häzir biziň talyplarymyz şol alym şahslary ylmy miraslaryny has çuňňur öwrenmäge mümkinçilik aldylar.

Belli rus alymlary H.M.Maksimowiç – Ambodigiň, I.F.Buşyň, N.P.Gundobiniň, N.I.Pirogowyň, H.B.Sklifosowskiniň, A.M.Sobolewiň ylmy işlerinde terapewtik stomatologiýa­­nyň dürli bölümlerine degişli gyzykly we peýdaly maglumatlar getirilipdir.

Stomatologiýanyň hem-de onuň wajyp bölümleriniň biri bolan terapewtik stomatologiýanyň Türkmenistanda döremeginde we ösmeginde belli rus alymlary A.K.Limbergiň, P.G.Daugäň ylmy işleri hem-de türkmen alymlaryny ýetişdirmekde A.I.Ýewdokimowyň, A.I.Rybakowyň, E.I. Gawrilowyň, W.S.Dmitriýewanyň, H.H.Bajanowyň, E.B.Borowskiň, G.D.Owrudskiň, G.N. Pahomowyň, W.K.Leontýewiň, A.B.Alimskiň we başgalaryň hyzmatlary belläp geçmäge mynasypdyr.

Türkmenistanda 1930-njy ýyllara çenli ýokary bilimli stomatolog hekimleri hem-de ýorite orta bilimli diş lukmanlary we diş ussalaryny taýýarlaýan okuw mekdepleri bolmandyr.

Dişleri agyrýan adamlara kömegi gündogar lukmançylygynyň esasynda taýýarlanan tebip­ler ýa-da daşary döwletlerden gelen (iberilen) diş hekimleri beripdirler.

1932-nji ýylda Türkmen döwlet lukmançylyk institutynyň açylmagy we onuň ýokary kursdaky talyplaryna stomatologiýa sapagynyň okadylmagy, belli bir derejede orta bilimli diş şypa­çylarynyň bejeriş–öňüni alyş bölümini gutaryp, stomatolog-hekim bolup işlemeklerine ýol açdy. Aş­ga­batda 1935-nji ýylda diş hekimçilik mekdebi açyldy we ýer yranmagy sebäpli 1948-nji ýylda Türk­menabada göçürildi. Şol bir wagtda, ýörite mekdepde, diş ussasyny taýýarlaýan bölüm hem işläp başlady.

Emma Türkmenistanda stomatologiýanyň ösmegi 1958-nji ýyldan başlap, ýokary bilimli sto­matologlary ýerli milletden taýýarlamak bilen bagly boldy. Soňra şol stomatologlardan Mosk­wada ýokary hünärli ylmy-mugallym işgärleriň taýýarlanmagy, 1964-nji ýylda açylan stoma­to­lo­giýa fakultetde öz ugurlary boýunça mugallymlar bilen üpjün etmäge mümkinçilik berdi. Fakultetiň 1969-njy ýyldan başlap uçrum stomatolog-lukmanlari, terapewtik stomatologiýa köme­gini düýp­göter gowulandyrmaga itergi berdi.

1984-nji ýylda Respublikan stomatologik şypahanasynyň açylmagy, soňra onuň ylmy-önümçilik birleşigine öwrülmegi (1988ý.), soňra bolsa Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty Ministrliginiň stomatologiýa merkezine (1995ý.) öwrülmegi, diýarymyzda stomatologiýa gullugyny kämilleşdirmäge degerli ýardam etdi.

1977-nji ýyllaryň başlarynda stomatologiýa fakultetinde ilki bilen terapewtik stomato­lo­giýa dersleriniň, soňra bolsa stomatologik keselleriniň öňüni almak dersiniň girizilmegi, 1990-nji ýylda çagalar stomatologiýasy kafedrasynyň açylmagy, stomatologiýa bölümini tamamlanlaryň, te­ra­pewtik stomatologiýasy boýunça internaturada, ordinaturada we aspiranturada taýarlanmaklary, bu bölümiň pajarlap ösmegine ýol açdy. Ýene bir bellemeli wakalaryň biri hem 1977-nji ýylda Tera­pew­tik stomatologiýa kafedrasynyň (şol sanda hirurgik we ortopedik stomatologiýa kafed­rasynyň hem) özbaşdak edilip döredilmegidir. Köp ýyllaryň dowamynda W.W.Dadalýan (1966-1976 ý.), G.P.Paşaýew (1977-1978 ý.), M.K. Durdynyýazow (1979-1991 ý.), G.P.Paşaýew (1992-2004 ý.) kafedranyň müdiri bolup işlänler. Häzirki wagtda TDLI-niň Terapewtik stomatologiýa kafedrasynyň müdiri bolup lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty H.J.Jumaýew (2005-nji ýyldan bäri) işleýär.

Türkmenistanda terapewtik stomatologiýanyň döremeginde we ösmeginde professorlar G.M.Berdimuhamedowyň, G.P.Paşaýewiň, medisina ylymlarynyň doktory M.G. Durdyniýazowyň, dosentler H.B.Abdalow, H.A.Aýnazarowyň, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty H.J.Jumaýewyň, M.Ö.Kulowyň, G.E. Orazowyň hyzmatlary agzalmaga mynasypdyr.

Türkmenistanda 1990-njy ýyllarda 15 sany özbaşdak (olaryň dördüsi çagalara hyzmat edýär) stomatologiýa merkezleri we 290-a golaý stomatologiki bölümler we otaglar ilata hyzmat edýärdi. Olarda 1000-den gowrak stomatologlar işleýärdi.

Biziň güneşli Diýarymyzda stomatologiýadan, esasan, düýpli ylmy barlaglar çagalar sto­ma­tolo­giýasy boýunça alnyp baryldy we bu ugurdan ýokary hü­när­li ylmy işgärler taýýarlanyldy. Türkmenistanda esasy stomatologiki keseller bolan dişleriň kariýesiniň we onuň ötüşen görnüşleriniň, dişleriň flýuorozynyň, paradontyň keselleriniň we diş-äň ösüş nädogrulyklarynyň döreýiş, kliniki geçiş we ösüş aýratynlyklary (epidemiologiýasy) prof. G.P.Paşaýewiň ylmy ýolbaşçylygynda hemme welaýatlarda düýpli öwrenildi.

Köp ýyllaryň dowamynda geçirilen ylmy – barlag işler Türkmenistanyň ilatynyň arasynda stomatologiki keselleriň öňüni almak boýunça ygtybarly çäreleri durmuşa geçirmäge giň ýol açdy.

Häzirki wagtda, ýurdumyzda, terapewtik stomatologiýanyň öňünde, adamlaryň sag­dyn bolmagyny gazanmak, esasy stomatologiki keselleriň giňişleýin öňüni almak, olary ygtybarly bejermek hem-de adamlary maşgala lukmanlary-terapewtler bilen birlikde stomatologiki dispanser gözegçiligine alyp, höwesjeň iş geçirmek meseleleri durýar.

Terapewtik stomatologiýa dersi boýunça talyplara döwrebap bilim bermek şu ýokarda agzalan wajyp meseleleri üstünlikli çözmäge hem-de adamlara ýöri­teleş­dirilen stomatologiýa kömegini bermegiň medeniýetini we hilini mundan beýlägem has ýokarlan­dyr­maga ýardam eder.

Kitabyň okajylara ýetirilmegi, häzirki wagtda türkmen dilinde terapewtik stomato­logi­ýa dersi we hünäri boýunça ýöriteleşdirilen okuw kitabynyň ýetmezçiligini aradan aýrar hem-de türkmeniň Beýik Galkynyşlar zamanynda ýokary hünärli stomatolog-hekimlery taýýarlamaga öz goşandyny goşar diýen tamamyz bar.

 

 

II. BAP

Stomatologiýa gullugyny guramak

__________________________________________________________________________

Stomatologiýa gullugy lukmançylygyň bir görnüşi bolup, “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzda stomatologiýa gullugynda hem ýetilen sepgitler we gazanylan netijeler az däldir. Soňky döwürde dünýa lukmançylyk ylmynyň gazanan üstünlikleriniň esasynda keselleri bejeriş we öňüni alyş işlerini döwrebäp guramak giň ýaýbaňlandy. Şonuň üçin hem bu ugurda işleriň esasy ugurlary kesgitlendi.

Stomatologiýa gullugyny ösdürmegiň aşakdaky esasy ugurlary bardyr:

- lukmanlaryň hünär derejelerini kämilleşdirmek;

- diş bejeriş enjamlary, günde sarp edilýän serişdeler bilen üpjünçiligi gowlandyrmak;

- diş keselleriniň öňüni alyş işlerini döwrebap guramak;

- daşary ýurtly hünärmenler bilen tejribe alyşmak we dünýa tejribesini özleşdirmek hem-de;

- nazary we amaly endikler boýunça yzygiderli kämilleşdiriş okuwlaryny guramak.

Bu ugurlar boýunça edilen işler agzalmaga mynasypdyr. Ýokarda belleýşimiz ýaly häzirki wagtda saglygy goraýyşyň bu ugry düýpli özgertmeleri başdan geçirýär, stomatologiýa gullugynyň işini döwrebap guramak üçin täze mümkinçilikler açylýar.

Şeýle hem gullugy ösdürmek boýunça ileri tutulýan ugurlarda, ýokary hünär derejeli lukmanlaryň nazary we amaly bilimlerini yzygiderli kämilleşdirmek, döwrebap lukmançylyk enjamlary, gündelik sarp edilýän derman serişdeleri bilen üpjunçiligi gowlandyrmak bu ugruň has gerimli ösmegine we guramaçylyk meseleleriniň çözülmekligine ýardam berer.

Stomatologiýa gullugyna Türkmenistanyň Saglygy gora­ýyş we derman senagaty ministrliginiň, bejeriş we öňüni alyş müdirliginiň gara­ma­gynda baş hünärmen - baş stomatolog tarapyndan ýolbaşçylyk edilýär. Iş birligine girmeýän baş stomatologlar welaýat, etrap, şäher stomatologiýa şypahanalarynda bolýarlar.

Iş birligine girmeýän baş stomatolog wezipesine, ýokary derejeli, ussat stomatolog-hünärmen bellenilýär. Ilki bilen TSG we DSM-niň stomatologiýa merkezleriniň başlygy, soňra welaýat we şäher stomatologiya merkezleriniň başlygy bellenilýär.

Baş hünärmen-stomatolog, bejeriş we öňüni alyş mudirliginiň ýolbaşçylarynyň we ýerli saglygy saklaýyş guramalarynyň ýolbaşçylarynyň ýardam bermeginde, usuly gollanma taýarlanylmaly. Guramaçylyk topary ylmy ýolbaşçylyk, stomatologiya gullugyny guramaga ýardam bermeli. Ol ilat arasynda stomatologiki gullugy guramaga we guramalary döretmäge, kämilleşen öňüni alyş we bejeriş işlerini ýola goýmaga ýardam bermelidir.

Baş stomatologyň işi ilat arasynda stomatologiki gullugy guramak we üpjün etmek bolup durýar. Döwrüň talap edişine görä, stomatologiki keselleriň öňüni almakda we olary bejermekde amaly işleri girizmeli. Baş stomatologyň wezipesine, zerur bolan ýagdaýlarda, bejeriş we maslahat beriş işlerini ýer­lerde guramak: ýokary derejeli hünärmenleriň gatnaşmagynda şäherlerde, etraplarda, obalarda ilat ara­synda stomatologiki maslahatlary guramak girýär. Şeýle-de, olar obalarda, etraplarda, welaýat stoma­tologiki edaralarynda, bölumlerinde, otaglarynda geçirilýän bejeriş we öňüni alyş işleriniň hiline gözeg­çilik etmek, ilat arasynda ýaýran aýratyn keselleri ýüze çykarmak we anyklamak işlerini alyp barmalydyr.

Baş stomatolog stomatologiýa gullugyny ösürmekde ýyllaryň dowamynda berjaý edilmeli işleriň meýilnamasyny düzmäge we onuň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmäge, täze guraljak sto­ma­tologiki edaralary meýilleşdir­mä­ge, agyz boşlugynyň sagaldyş işlerini geçirmäge, ýokary okuw mekdeplerinde sto­matolog lukmanla­ryň okuwyny kämilleşdirmäge, enjamlary, abzallary, gurallary we häzirki zaman gerekli bolan serişdeleri täzelemek boýunça meýilnama düzmäge gatnaşmaly. Şeýle-de, bejeriş we öňüni alyş edaralarynyň ýerine ýetrýän işlerine gözegçilik edip, zerur bolan ýagdaýlarda stomatologiki gullugyň ýerine ýetirýän işlerini gowulandyrmak üçin degerli mas­lahat­laryny berip bilýär.

Ýerli saglygy goraýyş guramalary etraplarda, welaýatlarda, şäherler­de ylmy-amaly maslahat­la­ry meýileşdirip, geçirip bilýärler.

Baş stomatolog, stomatologlaryň jemgyýetine, lukmançylyk mekdepleriniň stomatolo­giýa fa­kul­­te­tiniň talyplaryna, welaýat, şäher stomatologik edaralaryna ylmy, usuly, amaly stomatolo­gik gulluklaryny guramaga ýardam bermeli. Baş stomatolog ministrligiň, saglygy saklaýyş eda­ra­larynyň ýyl boýunça stomatologiýa gullugynda ýerine ýetirilýän işleri meyileşdirmek we tassyk­la­mak işlerine gatnaşmaly.

Baş stomatolog, ýerli saglygy goraýyş guramalarynyň ýolbaşçylary bilen bilelikde welaýatlarda, etraplarda, şäherlerde stomatologiki edaralaryň ýerine ýetirmeli işlerini meýilleşdirip, tassyklamaly. Meýilnama stomatologiýa gullugyny geljekde giňeltmek barada bolmaly. Ýagny, stomatologiýa merkezlerini, bölümlerini, otaglaryny guramak barada, stomatologyň işiniň hilini gowulandyrmak we agyz boşlugyndaky keselleri bejermegiň we öňüni almagyň täze ýollaryny oýlap tapmak barada iş alyp barmaly. Bejergi döwründe näsaglaryň sarp edýän wagtyny azaltmaly. Ýokary hilli lukmançylyk-stomatologiki gullugy guramaly. Wagtal-wagtal lukmanlary, şepagat uýalary, diş ussalary bilen kämilleşdiriş okuwyny geçirmeli. Esasy stomatologiki keselleriň öňüni almak barada pikirleri öňe sürmeli. Wagyznamalar arkaly sagdyn durmuş-ýaşaýyş, içeri we daşary syýasat barada işleri geçirmeli.

Stomatologiki gulluk bejeriş edarasynyň görnüşine we mümkinçiligine laýyklykda meýil­leş­dirilmelidir we guralmalydyr.

Oba saglygy goraýyş edaralarynyň düzümi etrapara gura­malara, edara-kärhanalara we ilat sanyna baglydyr. Esasy bejeriş we öňüni alyş işleri keselhanalar bilen saglygy goraýyş (welaýatlarda, etraplarda we şäherlerde) edaralarynyň stomatologiki bölümlerine ýüz tutýan ilat sanyna baglydyr. Ilatyň 99 göterimi ambulatoriýa gullu­gyndan, 1 göterime çenlisi keselhanalarda bejeriş we öňüni alyş hyzmatlaryndan peýdalanýar.

Häzirki wagtda stomatologiki gullugyň hilini ýokarlandyrmak üçin, düzüminde birnäçe gör­nüş boýunça (anyklaýyş, öňüni alyş, terapewtik, hirurgik, ortopewtik, ortodontik, cagalar we fizio­terapiya) bölümler bolan stomatologiki merkezi guramak bilen, ilata edilýän hyzmatyň hilini ýokar­lan­dyrmak mümkinçiligi artýar. Aýratyn bölümlerde lukmanlar näsaglary kabul etmek bilen, öz işleri­niň tejribelerini artdyrýarlar. Çünki, günde dürli görnüşli stomatologiki gulluk ilata hyzmat edýär.

Häzirki zaman stomatologiýa gullugy şu aşakdaky görnüşlerden ybarat:

1. Özbaşdak stomatologiýa merkezleri (halkara, şäher, welaýat we etrap).

2. Çagalar stomatologiya merkezleri.

3. Saglygy goraýyş edaralarynyň düzüminde guralan aýratyn bölümleriň (terapiýa, hirurgiýa, ortopediýa we çagalyk döwri).

4. Saglygy goraýyş edaralarynyň bölümlerinde stomatologiki otaglary guramak.

5. Hojalyk hasaplaşygynda guralýan merkezler, bölümler.

Bularyň hemmesini guramakda we meýilleşdirmekde baş stomatolog gatnaşmaly.

Ýokarda bellenen görnüşdäki stomatologiki edaralar meýilleşdirilende we guralanda baş stomatolog ýolbaşçylyk edýär. Stomatologiki edaralarda guramaçylyk we usuly işler guralanda düzüminde hökmany ýagdaýda usuly işler guralýan otag bolmaly. Şäherde guralýan stomatologiki edaralaryň gornüşi 1-nji sejerede beýan edilen. Özbaşdak stomatologik merkezleri ýa-da saglyk öýleri gurulanda ilatyň sany, ýaýraýşy we şäher guramalarynyň administratiw ýerleşişi göz öňüňde tutylmalydyr.

Oba ýerlerlerindäki bejeriş we öňüňi alyş edaralarynda stomatologiki otaglar guralýar. Ol otaglaryň işleri welaýat, etrap stomatologiki merkezleriniň gözegçiliginde alnyp barylýar.

Oba ýerlerinde bejeriş-öňüni alyş edaralarynyň esasy düzümi şu aşakdakylardan ybarat­dyr: Merkezi etrap hassahanasy, etrap saglyk öýi, lukmanlaryň ambulatoriýasy, feldşer-akuşerçilik bölümi. Etrap has­sahanalarynyň düzüminde, oba ýerlerinde, stomatologiýa bölümleri, otaglary guralýar. Olar ýokarda bellenilen bölümleriň düzüminde-de gabat gelýär.

Oba stomatologiýa gullugy etrap stomatologynyň garamagynda bolup, oňa guramaçylyk we usuly maslahatlar etrap, welaýat, şäher stomatologiýa merkezleri tarapyndan berilýar.

Obalarda stomatologiki gullugy iki görnüşde guramak maslahat berilýär:

- Etrap stomatologiýa saglyk öýüni (düzüminde dürli görnüşdäki bölümler) ýa-da stoma­tolo­giýa bölümini merkezi etrap hassahanasynyň düzüminde we ýerlerde stomatologiki otaglary (daý­han birleşiklerde, obalarda) gurap, saglyk öýi şertlerinde stomatologik amallaryny berjaý etmekden ybaratdyr.

- Obalarda adamlaryň bejergä mätäçligine görä stomatologiki otaglar guralanda, gös-göni etrap hassahanasynyň garama­gynda ýerine ýetirilýän işlere gözegçilik edilmelidir. Stomatologiki kömek ilat sanyna we onuň ýerleşişini göz öňünde tutup guralmalydyr.

Ýerlerde göçme (awtoulaglarda) stomatologiki otaglaryň guralyşy ykdysady we öňüni alyş bähbitlere esaslanýar.

Stomatologiki saglyk öýleriniň ýerine ýetirýän işleri ilkinji ýazuw we bellik edilýän otagda doly derejede ýazgy edilýär.

Dispanser gözegçiligi – bu bejeriş we öňüni alyş ulgamynyň esasy bolup, keseli öz wagtyn­da anyklamakdan, bejergini geçirmekden, keseliň gaýra üzülmeginiň öňüni almakdan hem-de keseliň bejerilişini ulgamlaýyn gözegçilikde sakla­mak­dan, şeýle hem giňden ýaýran üznüksiz keselleri gözegçilikde saklamakdan ybaratdyr.

Häzirki wagtda dispanser gözegçiligi edilýän ilata her günde, ýerlerde barlag geçirmegi gura­ma­gy ýola goýmalydyr. Stomatologiki dispanserleşdirme - keseliň ýerli we umumy öňüni alyş iş­lerini tertipli geçirmekden: dişiň gaty dokumalarynyň, parodontyň, agyz boşlu­gy­nyň nemli bardasynyň kesellerini gözegçilikde saklamakdan, bejermekden we ortodontiki, or­to­pediki bejer­gilere gözegçilik etmekden, zerurlyk ýüze çykanda, hirurgiki bejeriş işlerini geçir­mekden ybarat­dyr.

Dispanser gözegçiligine degişli näsaglar: ýürek, gan-damar, aşgazan-içege ýollarynyň ke­sel­leri, üznüksiz agyz boşlugynyň nemli barda keselleri, parodont keselleri, ýüz-äň ulga­myn­daky howply dömme keselleri bolan, ýüz-äň ulgamynyň dogabitdi ýetmezçiligi, adam bede­nine zyýan ýetýän şertlerde işleýän gowreli zenanlar, göwrelilik döwründe çaganyň äň-ýüz ulgamyna we dişleriniň ösmegine täsir edýän şertlerde işleýän zenanlar gözegçilikde saklanylmalydyr.

Dispanser gözegçiligi üçin esasy resminama hokmünde, kesel üçin taryhy ýazgy edilýän depder ulanylýar. (30-njy belgili gözegçilik kartasy).

Dispanser gözegçiliginiň dowamlylygy her bir näsagyň ýerli we umumy ýagdaýlaryna baglydyr. Näsaglar bellenilen wagtda barlag gözegçiligine gelmelidir.

Dispanser gözegçiligi stomatologiki merkezlerde, bölümlerde, otaglarda we göçme (awtou­lag) stomatologiki gullugynda geçirilýär, ýagny hemme stomatologiki kömek berilýän ýerlerde hasaba alnyp, gözegçilikde saklanylýar.

Stomatologiki kömek ýatymlaýyn bejerilýän bölümlerde, ilata hirurgiki bejerginiň zerurlygyna görä, guralýär. Şeýle-de, ýöriteleşdirilen bölümleriň /otorinolaringologiki, oftolmologiki, hirurgiki/ düzümde hem guramak maslahat berilýär.

Ýöriteleşdirilen hirurgiki stomatologiki bölümler 30-40 näsaga niýetlenen bolup, bu bölüm wela­ýatlarda, etraplarda ýerleşen hassahanalarda, kliniki ylmy-barlag institutlarynda we stomato­lo­giýa institut­la­rynda, stomatologiýa fakultetiniň hirurgiki stomatologiýa kafedrasynyň bazasynda guralýar.

Hojalyk hasaplaşygyndaky stomatologiki gulluk ilatyň sekýän zerurlygyna görä we gullugyň öz-özüni dolandyryşyna baglylykda guralýar.

Stomatologiki otagyň guralyşy

Stomatolog lukmanyň ýerine ýetirmeli gulluk borjy köp ýagdaýlarda iş ýeriniň guralyşyna bagly bolýar. Häzirki döwürde onuň tehniki taýdan üpjinçiligine uly üns berilýär, sebäbi laborato­riýa we funksional barlag usullaryny ulanmazdan, keseli dogry we takyk anyklamak mümkin däl.

Stomatologyň iş ýeri çylşyrymly enjamlar we apparaturalar bilen upjün edilen, ol bolsa dişleriň, parodontyň we agzyň nemli bardasynyň kesellerini anyklamaga we bejermäge ýardam berýär.

 

2.1. Stomatologyň otagynyň guralyşyna talaplar we kadalar.

Stomatologyň otagy guralanda ýörite kadalardan we talaplardan ugur alynmagy, ýagny ulanylýan enjamlaryň hem-de işler berjaý edilende ulanylýan derman we beýleki serişdeleriň saglyga ýetirýän täsiriniň göz öňünde tutylmagy zerurdyr. Sebäbi, işleriň nädogry berjaý edilmegi beden saglygyna öz zyýanly täsirini ýetirýär, mysal üçin petikleýji ýa-da başgaça dikeldiji serişdelerden bolan amalgama ulanylmagy onuň düzümindäki simabyň bolmagy barada aýtmak bolýar.

Hakykatda, adaty ýagdaýda bir stomatolog lukmanyň iş ýeri üçin 14 m2meýdançanyň göz öňünde tutylmagy wajypdyr. Otagyň içinde ýene goşmaça stomatologyň oturgyjuny - bir iş ýerini ýerleşdirmek üçin 7 m2 meýdança goşmaly. Emma häzirki zaman çylşyrymly enjamlar üçin 10 m2 meýdançany göz öňünde tutmak maslahat berilýär.

Stomatologiki otagda amalgama we ş.m. serişdeleri ulanmak maksat edinilýän bolsa, onda hök­many ýag­daýda otagyň poluna, petigine we diwaryna berk üns bermek zerurdyr. Stomatologyň otagy­nyň diwarlary tekiz, ýylmanak bolup, hiçhili jaýryklar, yşlar bolmaly däldir. Diwarlaryň bir­leşýän burçlary pol we petigiň birleşýän ýerleri ýylmanak bolup, ýüzünden hiçhili goşmaça bezeg­ler goýulmaly däldir. Diwaryň suwagyna goşmak ýada ýüzüne 5 % kükürt külkesini çalmak bilen, otagyň içinde işler berjaý edilende zyýanly täsirleri özüne sormagyna garşy maksat üçin ulanylýar. Ýüzüni ýagly ýa-da silikat reňkler bilen reňklemek zerur. Otagyň poluny ilki bilen kardon kagyzy, soňra linolium bilen örtüp, diwaryň içine 10 sm-e çenli girizmek zerurdyr. Linoliumlaryň birleşýän ýer­lerini berk ýelmemeli. Linoliumlaryň we gaz ýada suw geçirijileriniň, elektrik togunyň diwara ara­laş­ýan ýerlerine hamyr çalmak hökmandyr. Bu arassaçylyk uýasynyň ýerine ýetrýän işlerini doly we dogry berjaý etmekde ÿardam berer.

Stomatologyň otagynyň diwarlaryna, düşegine, petigine ýagty ak reňkler çalmak maslahat berlip, ýagtylyk 40% koeffisiýentden pes bolmaly däldir.

Mümkin bolsa, açyk mele, ak reňkleri çalmaly. Lukman öz işlerini berjaý edende reňkiň täsiri bolmaly däldir. Reňkleriň gara ýakyn bolmagy dişiň gaty we parodontlarynyň hem agyz boşlugynyň nemli bardasynyň keselleri anyklananda we bejerilende päsgel berip biler. Otagyň gapysyna, penjiresine ýagly ak reňk çalmak maslahat berilýär.

Otagyň içiniň öz tebigy ýagtylygy bolmaly. Penjiresi demirgazyk tarapa bakmalydyr, sebäbi, tomus aýlary, ýylyň yssy wagtlary penjire demirgazyga bakmasa otagyň içiniň gyzmagyna alyp barýar. Eger-de demirgazykdan başga taraplarda penjiresi bar bolsa, onda hökmany ýagdaýda perde-žalýuzlar bilen tuty örtülmelidir.

Ýagtylyk koeffisienti 1:4-1:5 derejä çenli maslahat berilýär. Otagyň içi goşmaça yşyklar bilen ýagtylandyrylmaly. Ýagtylandyryş çyrasy we şoňa meňzeş yşyklandyryjylar oturdylan ýagdaý­la­ryn­da başga adamlaryň gözüne düşüp päsgel bermeli däldir.

Stomatologyň otagynda umumy yşykdan başga-da, diňe işlenilýän ýere düşýän yşyk, ýagtylyk bolmaly, stomatologiki enjama berkidilen, gerekli bolan ýere gönükdirip bolýan reflektor bolmaly. Bu ýagtylyk umumy ýagtylygyň diňe 10 % tutmaly.

Hökmany ýagdaýda otagyň içiniň howasyny çalyşýan enjamlar oturdylmaly we her sagatda 2-3 gezege çenli howasyny çalyşmak zerurdyr. Şeýle-de, penjirede fortoçka bolmaly.

Lukmanyň iş otagynda kwars lampasy bolup, onuň kömegi bilen howa arassalanýar. Bu işi, iş wagtynyň aralygynda ýa-da ahyrynda berjaý etmek ýerlikli hasap edilýar.

Otagyň içinde lukmanyň, şepagat we arassaçylyk uýasynyň iş ýerleri göz öňünde tutul­maly. Lukmanyň iş ýerinde stomatologiki enjamlar, näsagyň oturgyjy (kreslo), derman serişde­lerine niýetle­nen stol we lukmana niýetlenen aýlanýan oturgyç, şepagat uýasynyň gurallary tertiplemgi üçin stol, gury gyzgynlyk bilen gurallar arassalanýan şkaf, şprisler arassalanýan şkaf, arassa gural­lary saklamak üçin stol we aýlanýan oturgyç bolmalydyr. Arassaçylyk uýasynyň gurallary saýlamagy üçin stol, gurallary ýuwmak üçin kran suwy akýan ýer bolmaly. Şeýle-de, otagyň içinde gerekli bolan artyk­maç serişdeleri, gurallary we dermanlary saklamak üçin şkaf (A belgili şkaf-awuly, B belgili şkaf­-güýçli täsir edýän dermanlary saklamak üçin niÿetlenen) we resmi hatlar üçin stol bolmaly.

Häzirki wagta stomatologiki enjamlar gün-günden kämilleşýär. Şu günki günde çylşyrymly sto­ma­­tologiki enjamlardan pnewmatiki (howa bilen) elektrik togunyň kömegi bilen, gidrawalik suwuň kö­megi bilen, elektron ulgamynyň (uzylyň) kömegi bilen işleýän bormaşynlar bar. Enjamyň düzüminde stoma­tologiki diş bejeriş oturgyjy bolup, ol awtomatiki hereketleri ýerine ýetir­ýär. Goşmaça ýagtylyk berýän reflek­toryň, kompressor we agyz boşlukda amallary berjaý etmek üçin abzallaryň, dişiň gaty dokumasyny gyrmak üçin, diş daşlary we ýokundylaryny aýyrmak üçin, süle­keýi, tozanjyklary sorujy abzallaryň bol­ma­gynyň, luk­ma­nyň öz işlerini amal etmeginde orny uludyr. Dişiň gaty dokumasyny gyrmak üçin enjam dürli tiz­likde hereket edýär. Hereket ediji enjam 2-3 görnüşde bolup, mehaniki, howa bilen we mikro­mo­tor­ly peýnekler bardyr. Abzallaryň düzüminde ultrases bilen diş daşlaryny aýrmaga niýetlenen gural (pistolet) ho­wa we suw pürkmäge niýetlenen gö­nükdiriji bar. 2000-den 12 000-15 000 min/ tiz­likde işleýän mikromotorly peýnekler bolýar. Howa bilen işleýän peýnekler 300 000-450 000 min/tizlikde hereket edýär. Stomatologiki enjamyň düzüminde petikleýjileri ýa-da dikeldijileri gatadýan çyra bolup, petikleýjini şöhle bilen gatatmaga niýetlenen. Näsaglar üçin stomtologiki oturgyç näsagyň kellesini, göwresini, aýagyny erkin ýagdaýda saklamak üçin degişli hereketleri berjaý edip bilýär.

 

Stomatolog lukmanyň otagynda şu aşakdaky enjamlar bolmaly:

Näsaglar üçin stomatologiki oturgyç (kreslo);

Stomatolog lukman (diş hekimi) üçin oturgyç;

Dişiň gaty dokumasyny ýonujy enjam;

Ýazuw stoly;

Derman serişdeleri ýerleşdirilýän stol;

El ýuwulýan ýer;

Ulanylan hapa gurallary ýuwulýan ýer;

Gyzgyn howa bilen işleýän sterilizator;

Arassa gurallary ýerleşdirmek we saklamak üçin stol;

Gerekli bolan goşmaça stomatologiki serişdeleri saklamak üçin şkaf.

Häzirki zaman stomatologiki enjamlary iki adam bolup işlemäge niýetlenendir. Adaty ýagdaýda lukman üpjün edilen enjamlarda 9 sagatdan 12 sagada çenli işläp bolýar.

Şeýle-de, ýönekeýje stomatologik enjamlar hem bolýar, ýöne olarda suw we howa pürküji hem-de suw akary ýokdur.

Stomatolog lukmanyň otagynyň içinde üçden köp iş ýerini ornaşdyrmak göz öňünde tutulsa, onda näsaglara we lukmana päsgel bermez ýaly arasyny 1,5 metr olçegde örtük bilen ýapmaly.

Lukmanyň ýerine ýetirýän işlerine görä, dürli ýagdaýlarda dürlüçe işlemek maslahat berilýar. Meselem:

Oturyp uzak wagt we bir maksatly iş ýerine ýetirilmekçi bolnanda, dik durup, az wagty we az güýji sarp edýän amallary ulanmak maslahat berilýär.

Stomatologiki otagda zyýanly kesel dörediji mikroorganizmleriň bolmazlygy we ýaýramazlygy üçin aseptiki we antiseptiki kadalar berjaý edilmelidir.

 

2.2. Terapewtik stomatologiýada aseptika we antiseptika

 

Aseptika - kesel dörediji mikroorganizmleriň adam bedenindäki täze ýara düşmezligini üpjün edýän usulydyr. Başgaça aýdylanynda, mikroorganizm bilen bagly döreýän keselleriň öňüni almakdyr. Bu usul gurallary, sargy edilýan serişdeleri we ş. m. sterilizasiýa etmekden, lukmanyň elini ýörite erginler bilen arassalamagyndan ybaratdyr.

Antiseptika – bu usul bedene aralaşan zyýanly, kesel dörediji mikroblaryň köpelmeginiň öňüni almak we olara garşy göreşmekden ybaratdyr, ýagny himiki /antiseptikler/ we biologiki /anti­biotikler/ dermanlaryň kömegi bilen bedendäki kesel döredýän we keseliň beterlemegine alyp barýan mik­roblar bilen göreşmek we soňuna çykmak. Her iş güni tämizlenen gurallar hem-de mikroblardan tämizlenen stol taýýarlanmaly. Ol stoly 2% hloramin ergini bilen süpürmeli. Stoluň üsti hökmany ýagdaýda örtgi bilen ýapylmaly we şol örtgä eliň bilen degmek bolmaýar.

Ulanylan gurallary we olaryň saklanylýan gaplaryny tämizlemek, dermanlaryň täsiri ýeter ýaly şertleri döretmek sterilizasyýanyň öň ýanyndaky amallara girýär.

Sterilizasiýanyň öň ýanyndaky ýuwup arassalamaga girýän tapgyrlar şu aşakdakylardan ybaratdyr.

1.Her bir ulanylan gurallar akar suwyň aşagynda 30 sekundyň dowamynda gowy edip ýuwulmalydyr.

2.Soňra 15 min. dowamynda gyzgynlygy /50-55oC/ bolan tämizleýji derman erginiň içinde sakla­maly, arassalaýjy erginiň içinde süpürgüjiň /şotganyň/ kömegi bilen her bir guraly aýratynlykda 30-35 sek. dowamynda arassalap ýuwulmaly.

 

Ýuwujy erginiň düzümi:

-17 ml:-27,5 % pergidrol;

-5g.-ýuwji külkesi

-978 ml arassa suw.

3.Ýuwlup arassalanan gurallary ilki bilen akyp duran suwuň aşagynda 10 min we 30 sek. dowa­myn­da has arassa /distillirlenen/ suw bilen durlamaly.

4.Gurallaryň çygyny aýrar ýaly olar gury, arassa, gyzgyn (85 oC) howa bilen ýa-da arassa mata (marly) bilen guradylýar.

 

Sterilizasiýa we dezinfeksiýa

 

1. Demirden ýasalan gurallar 60 min. dowamynda 160–180 oC gyzgynlykda, sterilizatorda aras­salan­ýarlar, egerde sterilizator bolmadyk ýagdaýlarda distillirlenen suwda gaýnatmaly we soňundan ýenede gaýtadan 30 min gaýnatmaly.

2. Daňy üçin serişdeleri we rezinden ellikleri gyzgyn bugyň kömegi we awtoklawdaky buguň basyşy bilen arassalanýar. Awtoklawyň birnäçe işleýiş düzgüni bar.

a) 120 oC temperaturada, basyşy 1 atm.- 45 min. dowamynda;

b) 132 oC temperaturada, basyş 2 atm.- 30 min. dowamynda;

Arassalanan gurallary we daňy üçin serişdeleri saklamak üçin, ýörite tegelek /biksler/ gaplar ulanylýar. Ol gaplarda gurallaryň arassalygyny 3 güne çenli saklamak bolýar, eger biksler açylsa onda bir güniň dowamynda saklamak bolýar we soňra gaýtadan sterilizasiýa geçirmek maslahat berilýär.

3. Kesiji gurallar himiki usul (sowuk sterilizasiýa) bilen arassalanylýar, sebäbi ýokary tempratu­ra­da gurallaryň ýüzi zaýalanýar:

- 3 sagadyň dowamynda 50 oC temperaturada bolan 6%-li hydrogeni peroxidiň ergininde saklamaly;

- 6 sagadyň dowamynda 18 oC temperaturada bolan 3 %-li hloramin ergininde saklamaly;

- 180 min. 3 %-li perikis wodorod ergininde saklamaly;

- 90 min. 4% üçem ergininde saklamaly;

Üçem ergininiň düzümi: 20 ml - formalin, 15 ml – natriniň gidrokarbonaty, 3 ml - suwuk, rassalanan fenol, 1000 ml arassalanan (distillirlenen) suw.

4. El ýuwulýan çotgalar arassalamak üçin, ilki bilen 2-3 sagatlap 1%-li hloramin ergininde sak­lan­ýar, soňra 40 min. dowamynda gaýnadylýar.

Egerde gurallar ýokanç keselli näsag kabul edilende ulanylan bolsa, ýa-da iriňli ýaralarda ulanylan bolsa, onda hökmany suratda başga tertipde arassalanmaly:

1. Inçe keselli näsaglar kabul edilenden soň, ulanylan gurallary 240min. dowamynda 5% -hloramin ergininde ýa-da 180 min. dowamynda 3%-li gidrogeni peroxidiň ergi­nin­de saklamaly we arassa akar suwda ýuwup, guradyp sterilizasýa geçirmeli.

2. Iriňli ýaralarda ulanylan gurallary 30 min. 1%-li hloramin ergininde saklap, soňra bolsa sterliza­sýa geçirmeli.

3. Wirus we başga ýokanç keselli näsaglar kabul edilenden soň, ulanylan gurallary hökmany ýag­daýda 30 min. 1%-li hloramin ergininde ýa-da 80 min. 3%-li hydrogeni peroxidi ergininde sakla­maly we arassa akar suwda ýuwup guradyp sterilizasýa geçirmeli.

4. Ýokançly sary getirme keseli /Botkin keseli/ bilen kesellän näsaglar kabul edilenden soň, ulany­lan gurallary 60 min. 3%-li hloramin ergininde ýa-da 90 min. dowamynda 4%-li hydrogeni pero­xidi ergininde saklamaly we arassa akar suwda ýuwup guradyp soňra sterilizasýa geçirmeli.

Gurallaryň arassalygyny anyklamak üçin, ýörite barlag usullaryny geçirmek wajypdyr, sebäbi käbir halatlarda ganyň gurallarda gatap galmagy bilen olar, gurallardan doly aýyrylmaýar. Şeýle ýagdaýlarda gözegçilik etmek üçin şu aşakdaky usullar bilen barlag geçirilýär;

-Benzidiň barlag usuly;

-Amidoprin barlag usuly

-Fenolftalein barlag usuly;

Bu barlag üçin ýörite erginler ulanylýar we ol erginler gurallara damdyrylýar. Eger-de erginiň reňki üýtgese onda ol guralyň arassa däldigi barada subut edýär.

Amidopirin synagynda Ulanylýan erginiň düzümi şu aşakdakylardan ybarat:

Bir-birine deň garylan 5%-li amidopiriniň spirtindäki egrini bilen 5%-li hydrogeni peroxidi erginini taýar­lap, 30%-li sirke turşusynyň damjasyny goşmaly. Taýýar bolan ergini barlag edilýän gurala çalmaly, eger-de gural arassa bolmasa, onda onuň reňki gögerýär.

Benzidiň synagynda Ulanylýan erginiň düzümi şu aşakdakylardan ybarat:

0,0025g –esasy benzidin;

0,1 ml – 3%-li hydrogeni peroxid ergini;

5,0 ml – 50%-li sirke turşysynyň ergini.

Ýasalan ergini ilki bilen çaýkamaly we garyşdyrmaly, soňra barlag geçirilýän gurala çalmaly, eger-de gural arassa bolman, gan galyndysy bolsa, onda gök tegmil görünýär.

Fenolftalein synagynda Ulanylýan erginiň düzümi şu aşakdakylardan ybarat:

Fenolftaleiniň spirtdäki 0,1%-li ergini barlag edilýän gurala 2-3 damja damdyrlanda gyzyl reňk bolsa, gural arassa däldir.

Diş lukmany we şepagat uýasy elmydama elleriniň arassalygyna gözegçilik etmeli, öz wagtynda elleriniň dyrnaklaryny aýryp, timar berip durmaly. Iş wagtynda elindäki ýüzügini we sagadyny aýyrmaly, hiç hili artykmaç zat bolmaly däl.

Lukman her gün işe başlanynda hem-de näsagy kabul edip bolan badyna ellerini sabyn we çotga bilen ýuwup arassalamaly şeýle hem her gezek (hökmany ýagdaýda) gaýtadan ýuwmaly. Lukman iriňli ýarasy ýa-da mahsus keselli näsagy kabul edeninden soň, ellerini sabyn we çotga bilen ýuwup, soňra 0,5%-li hloramin ergini bilen ellerini süpürmeli, emma gan we şoňa meňzeş erginler degen bolsa, onda 1-2 minudyň dowamynda 3%-li hloramin ergini bilen süpürmeli.

Aseptika – ulgamlaýyn öňüni alyş çäreler bolup, lukmanyň näsagy bejerýän döwründe ýara, dokumalara we beden agzalaryna mikroblaryň düşmeginiň öňüni almaga ugrykdyrylmagydyr.

Aseptika: Gurallary, daňy üçin serişdeleri, enjam we abzallary we ş.m. sterilizasiýa geçirmegi; stoma­tolog-lukmanyň ellerini ýörite usul bilen päkizelemegi; bejeriş işleriniň geçirilýän wagty kabul ediş tertip düzgüniniň berjaý edilmegi; bejeriş edaralarda guramaçylyk we gigiýeniki işleri geçirmegi öz içine alýar.

Terapewtik stomatologiýasynda ýokarda görkezilen ugurlara salgylanmalydyr. Ondan başga-da, hök­­many ýagdaýda antiseptikanyň düzgünlerini berjaý etmelidir, sebäbi, stomatolog agyz boşlu­gynda işlemek bilen zäherlenen (infisirlenen) ýara bilen iş salyşýar. Şonuň üçin hem, gatnaşykda bolmak arkaly, mysal üçin tötänden pulpanyň açylmagynda ýokanç mikrob geçip bilýär. Şeýle hem asep­tikanyň düzginleri berjaý edilmedik ýagdaýlarda, ýokanç mikrobyň bir näsagdan beýleki nä­saga geçmegi mümkin. Meselem, gepatit – B wirusyň we AIDS – ýokanjyň stomatologik enjam­laryň üsti bilen geçip bilýänligi subut edilen. Gatnaşykly ýokanjyň öňüni almak üçin näsaglara degýän hemme görnüşli enjamlary we gurallary sterilizasiýa geçirmek zerurdyr. Elleriň päkizeleniş düzgünlerini berjaý etmegiň wajyp ähmiýeti bar. Mikroorganizmleri we olaryň zäherleýji maddalaryny ýok etmek fiziki faktorlary we himiki serişdeleri ulanmak (sterilizasiýa) arkaly amala aşyrylýar.

Fiziki faktorlardan ýokary gyzgynlygy, ultramelewşe şöhlesini, ultrasesi ulanmak bolar. Himiki seriş­de­lerden ýod, spirt, hloramin we ş.m. ulanylýar. Himiki serişdeler ulanylanda onuň möhüm şerti bol­maly­dyr, ýagny bakteriýalara täsirli, enjamlary we ulanylýan serişdeleri zaýalamaýan bolmalydyr. Ste­ri­liza­siýanyň fiziki usullaryna bugly, gyzgyn howaly, infragyzyl şöhlelenme, radiasion usullary degişlidir.

Himiki usulna gazly usul (formaldagit) we himiki derman erginleri ulanmak usuly degişlidir. Bu usullar sterilizasiýa geçiriljek serişdäniň aýratynlygyna görä saýlanyp alynýar.

Stomatologiki gullugynda sterilizasiýanyň esasy gaýnatmak, ýokary basyşly bug, gury gyzgynlyk we sowuk bilen geçirlýän usullar ulanylýär.

Gaýnatmak usuly, esasan polatdan ýasalan gurallary sterilizasiýa etmek üçin ulanylýar. Gurallarda pos emele gelmezligi üçin, arassalanan (distillirlenen) suwa gidrokarbonat natriý goşulyp, 1-2%-li ergin taýýarlansa maksadalaýyk hasap edilýär. Sterilizasiýanyň dowamlygy gaýnap başlandan 30 minutdan az bolmaly däl.

Şeýle-de, aýnadan ýasalan köp ulanylýan şprisleri gaýnatmak usuly bilen sterilizasiýa etmek mas­la­hat berilýar. Ol arassalanan suwda, ýöne çökündi ýygnanmagynyň öňüni almak ýerlikli bolýar. Suwuň ýylylygy otagyň içiniň ýylylygyna deň bolup, sterilizasiýa suw gaýnap başlandan soň 30 min. dowam etmeli. Iňňeler gaýnadylanda gidrokarbonat natriý goşup, ergin ýasap geçirmek maksadala­ýykdyr. Ýokanç kesel­leri bilen kesellän adamlarda ulanylan iňňeleri başgaça gaýnatmak maslahat berilýär. Olar ýokary basyşly bug bilen, daňy üçin serişdeler, pamykdan we hasadan ýasalan letdejikler, örtükler we ş.m. hem sterilizasiýa edilýär. Şu serişdeleri awtoklawalarda hem sterilizasiýa geçirmek mas­lahat berilýär. Sterilizasiýa geçiriljek serişdeleri ilki bilen demir gutularda (biks) tertipli ýer­leşdirip soňra amal edilýär. Sterilizasiýa geçirilenden soň olary 3 günüň (72 sagadyň) dowamynda açylmasa ulanmak bolýär.

Bütewi polatdan ýasalan gurallary gury gyzgynlyk bilen 40 min. dowamynda arassalamak masla­hat berilýär. Bu usul bilen esasan endodontik gurallar sterilizasiýa edilýär.Gyzgynlyk 240-270 oC bolmaly.

Sowuk sterilizasiýa usuly esasan hem, kesiji gurallarda we stomatologik aýnasynda we ş.m. geçirilýär. Munüň üçin 96%-li spitrde 2 sagadyň dowamynda ýatyrmak maksadalaýyk. Şeýle-de gurallary üçem ergininde saklamak maslahat berilýär. Erginiň düzümi:

Rp:Formalin 20,0 mg

Ac.carbolici 50,0 mg

Natri hydrocarbonatis 15,0

Aq.destill. 1000 ml

DS.Stomatologyň otagy üçin.

Şeýle-de, sowuk sterilizasiýa usuly üçin 1%-li hloramin ergini, 6%-li hydrogeni peroxidi, 3%-li formalin ergini, 1%-li hlorgeksidin ergini, 10%-li dimeksid ergini we ş.m. ulanmak maslahat berilýär.

Stomatologik gurallaryň we enjamlaryň içinde dezinfeksiýa geçirmekde kynçylyk döredýäni peý­neklerdir (stomatologik).

Stomatologik peýnekleri ýokary basyşly bugda, gyzgynlykda we suwda gaýnadyp sterlizasiýa geçirmek bolmaýar. Sebäbi peýnekde ýaglanyp durmaly tilsimleriň bolmagy päsgel berýär. Emma, peýnekleri wazelin ýagyna gaýnatmak soňra, daşyny arassa matalar bilen süpürmek arkaly sterilizasiýa geçirmek bolýar. Ýöne bu usul ýüz-äň hirurgiýasynda ulanylýar.

Terapewtik stomatologiýada peýnekler dezinfeksiýa geçrilende pamyk–marly gatlaklaryna siňdir­len 1%-li hloramin, 3%-li formalin ýa-da üçem erginlerine süpürilýär. Gaýta-gaýtadan arasyna 10-15 min. wagt salyp, süpürmek ýokary netijeleri berýär. Hloramin we formalin ergini bilen 30 min., üçem erginde bolsa 45 min. dowamynda sterilizasiýa geçirilýär.

Hemme gurallar sterilizasiýa edilenden soň, arassa örtügiň aşagynda tertipli ýerleşdirilýär. Her iş güni täzeden sterilizasiýa geçirilýär. Her bir gurallar, enjamlar sterilizasiýa geçrilmezden öň gözden geçirlip, gan, ýag, bellik, iriň su­wuk­lygy, derman serişdeleri, petikleýji we ş.m. galyndylardan el bilen arassalanylýar. Ýuwujy erginler bilen ýuwup, arassalanandan soň, ýörite taýarlanan erginde 15 min. dowamynda saklanylmaly. Ýuwujy erginiň düzümi: 0,5%-li perikis wodorod ergini, naşatyr spirti 5g, ýuwujy külkesi 20,0 arassa suw 975,0mg. akar. Her bir gural suwda ýuwulmaly soňra, guradylmaly, sterilizasyýa edilmeli.

Terapewt-stomatologyň otagynyň arassaçylyk ýagdaýlary şepagat we arassaçylyk uýalaryna baglydyr.

Şepagat uýasy başlygyň, başlygyň orunbasarynyň, bölüm müdiriniň we uly şepagat uýasynyň garamagynda işleýär. Ol otagyň içindäki enjamlaryň, abzallaryň, näsag kabul edilýän oturgyjyň sazlaşykly işlemegine, iş başlamazdan öň gurallaryň, daňy üçin serişdeleriniň arassaçylygyna we umuman lukman stomatologyň iş ýerine jogap berýär. Şepagat uýasy näsag kabul edilende lukmany gerekli bolan gurallar we serişdeler bilen üpjün edip, otagyň içindäki derman-därilere, otagyň arassaçylyk ýagdaýlaryna jogap berýär.

Arassaçylyk uýasy näsag kabul edilip bolnandan soň, otagyň içini çygja mata bilen süpürýär, gurallary, lotoklary ýuwup arassalaýar. Näsaglaryň tüýkürýän ýerlerini arassalap, soňundan 1-2%-li hloramin ergini bilen süpürýär.

 

III. Bap

Agyz boşlugyndaky synalaryň we dokumalaryň gurluşy we

ýerine ýetirýän işleri

 

Agyz boşlugynyň synalaryny we dokumalaryny öwrenýän sto



Поделиться:




Поиск по сайту

©2015-2024 poisk-ru.ru
Все права принадлежать их авторам. Данный сайт не претендует на авторства, а предоставляет бесплатное использование.
Дата создания страницы: 2017-12-12 Нарушение авторских прав и Нарушение персональных данных


Поиск по сайту: